Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara, baýramçylyk, konsertler, bäsleşikler hem gurnalyp çagalaryň wagtyny şatlyk-şowhun bilen bellemekleri üçin taýýarlyklar görülýär. Türmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Diýara ýaň salýar çaga gülküsi» atly sergi gurnaldy.