«El hünäri il gezer» atly amaly-haşam we senetçilik önümleriniň sergisi

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «El hünäri il gezer» atly amaly-haşam we senetçilik önümleriniň sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademik drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Maral Hojagulyýewa, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hünärmeni Ogulsapar Çarybaýewa gatnaşyp serginiň açylyş dabarasyna gutlag sözlerini aýtdylar. Sergide ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan «Milli gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň sanawynda» atly ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen gymmatlyklara bagyşlanan maslahat geçirildi.

Ozalky sahypa Indiki sahypa