Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeşleriň döredijilik sergileri, ýurdumyzyň toý-dabaralaryna bagyşlanan sergiler yzygiderli gurnalýar. Bu gün ussat halypa Türkmenistanyň halk suratkeşi Annageldi Kuliýewiň döredijilik sergisi gurnaldy. Suratkeşiň döredijiliginde teatr sungatyna bolan söýgüsi duýulýar. Sebäbi suratkeş ýazan nakgaş eserlerinde hem taryhy sahnalary, teatr ussatlarynyň keşplerini we teart sahnalarynyň bezeglerini hakykylyk, gyzyklanma bilen işlemegi başarypdyr. Suratkeş sahna bezeglerini, görkeziljek balet we operalarynda çykyş edýän aktýorlaryň hem geýimlerini bezäpdir. Häzirki günde mizemez sungaty bize miras goýan Annageldi Kuliýewiň döreden eserleriniň sergisini synlap, guwanmazlyk mümkin däl.