Taryhy gymmatlyklaryň adamzat medeniýetini öwrenmekdäki ähmiýeti örän wajypdyr. Häzirki döwürde Türkmenistan hem bu ugurda uly işler alyp barýar.
Ilkidurmuş jemgyýetiň ösüşi bilen, adamzatda tebigy zerurlyklardan başga estetiki mätäçlik döredi. Gadym wagtlardan bäri, heykeltaraşlyk adamzadyň çeperçilik we dini isleglerini beýan etmegiň bir görnüşi bolup durdy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ekspozisiýasynda ýerleşen Ýylgynly-depe ýadygärliginiň Eneolit döwrüniň arheologiki materiallary, biri-biriniň ýerine gelen döwürleriň mysaly bolup durýar. Eneolit döwrüniň heýkel önümleri köplenç arzan bolan toýundan edilýärdi. Gadymy ussatlar köplenç antropomorf we animalistik janrlarda işläpdirler. Birinjisi aýallaryň şekilleri görnüşindedir, ikinjisi bolsa öküziň şekilidir. Öküz oguz türkmenleriniň totem nyşany bolup, olaryň taryhynda aýratyn orny eýeleýärdi.