Ilkidurmuş jemgyýetiň ösüşi bilen, adamzatda tebigy zerurlyklardan başga estetiki mätäçlik döredi. Gadym wagtlardan bäri, heykeltaraşlyk adamzadyň çeperçilik we dini isleglerini beýan etmegiň bir görnüşi bolup durdy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ekspozisiýasynda ýerleşen Ýylgynly-depe ýadygärliginiň Eneolit döwrüniň arheologiki materiallary, biri-biriniň ýerine gelen döwürleriň mysaly bolup durýar. Eneolit döwrüniň heýkel önümleri köplenç arzan bolan toýundan edilýärdi. Gadymy ussatlar köplenç antropomorf we animalistik janrlarda işläpdirler. Birinjisi aýallaryň şekilleri görnüşindedir, ikinjisi bolsa öküziň şekilidir. Öküz oguz türkmenleriniň totem nyşany bolup, olaryň taryhynda aýratyn orny eýeleýärdi.
Ýurdumyzyň çar künjeginde uly dabara bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp, bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Bilim bagtyň açary” atly ajaýyp sergi açyldy.
«Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişine nazar aýlanymyzda Änew topragynyň baý taryhy bolup, taryhçy alymlaryň çaklamagyna görä, Änew şäheri özüniň gadymylygy bilen dürli atlara eýe bolupdyr.
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda diýarymyzyň ösüşleri, Watanymyzyň şan-şöhraty, halkara abraýy türkmen halkynyň ýürek buýsanjyny has-da artdyrýar.
Gadymy türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halyçylyk, zergärçilik, kulalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr. Sungat derejesine ýeten türkmen milli senetçiligini has-da dünýä ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 7-ne Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras müdirliginiň ýolbaşçylygynda “türkmen milli senetçiligini ösdürmegiňmeseleleri we dünýä tejribesi” atly sergi gurnaldy.
Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ösüp-özgerýän Berkarar döwletimiziň häzirki bagtyýar durmuşyny arzuw eden şahyr Magtymguly Pyragynyň keşbiniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezmek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän duşuşyklar, sergiler, konferensiýalar, maslahatlar halka ýetirilýär.