Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri G.Hojagulyýewiň şahsy sergisi

Muzeýde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, belli suratkeş Gurbanguly Hojagulyýewiň şahsy döredijilik sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Nakgaş ussadyň döreden eserlerinde türkmen sährasynyň bahar paslyndaky gözellikleri, güneşli tomsuň özboluşly aýratynlyklary baglar, bakjalar, ýaşyl öwsüp oturan gülli meýdanlar we başga-da birnäçe tebigatyň ajaýyplyklary her bir adamda ýakymly täsirini galdyrýar. Suratkeşiň döreden eserleri ýurdumyzda geçirilýän toýdur-baýramçylyklar mynasybetli sergilere ajaýyp bezeg berýär. G.Hojagulyýewiň ýerine ýetiren nakgaş eserleri bu günki gün ýurdumyzyň  sungaty söýüjileri tarapyndan gyzyklanma bildirip olaryň öý bezegine öwrüldi. Suratkeşiň şeýle eserleri Russiýa Federasiýasynyň, Ysraýylyň, Gazagystan Respublikasynyň sungata sarpa goýujylarynyň kolleksiýasyna öwrüldi.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

1-nji gat

1- Garaşsyzlyk sergi bölümi
2- Türkmenistanyň gadymy sungaty sergi bölümi
3- Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussatlary sergi bölümi
4-1, 4-2 - Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty sergi bölümleri
4-3- 1960-1970-nji ýyllaryň türkmen şekillendiriş sungaty sergi bölümi

2-nji gat

5- Türkmenistanyň häzirki zaman şekillendiriş sungaty bölümi
6,7 - Wagtlaýyn sergi bölümleri
8,9 - Günbatar-Ýewropa halklarynyň şekillendiriş sungaty bölümi
10- Rus şekillendiriş sungatynyň sergi bölümi
11- Dürli halklaryň şekillendiriş sungaty sergi bölümi

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



30.09.2019

Dilleri senaly Ýaşulularymyz





11.09.2019

Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy!





30.08.2019

Bagtyýar döwletiň bilim binýady





22.09.2019

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri G.Hojagulyýewiň şahsy sergisi