Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy!

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurt Garaşsyzlygynyň şanly XXVIII ýyllygy mynasybetli toýdyr, dabaralara beslenip geçirilýän “Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy!” atly baýramçylyk sergisinde halypa suratkeşleriň, ussat heýkeltaraşlaryň we zergärleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň waspyny ýetirýän ajaýyp eserleri öz ornuny tapdy.
Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ý.Baýramowyň “Gorkut ata”, Y.Gylyjowyň “Güýz aýdymy”, A.Almämmedow “Suw geldi”, şeýle-de S.Meredow, R.Umarow, M.Kakabaýew, we T.Kiselýowa, I.Pawloskaýa, G.Rozykulowa, T.Sähedowa, ýaly şekillendiriş sungatynyň görnükli ussatlarynyň nusgawy eserlerinde parahat, asuda al-asmanly ýurdumyzyň belent sepgitlerini öz eserleriniň üsti bilen waspyny ýetirýärler. Bulardan başga-da, tomaşaçylar sergide S.Babaýewiň, Türkmenistanyň Döwlet  çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň keramika eserlerini we ussat gobelen eserlerini hem synlap bilerler.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

1-nji gat

1- Garaşsyzlyk sergi bölümi
2- Türkmenistanyň gadymy sungaty sergi bölümi
3- Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussatlary sergi bölümi
4-1, 4-2 - Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty sergi bölümleri
4-3- 1960-1970-nji ýyllaryň türkmen şekillendiriş sungaty sergi bölümi

2-nji gat

5- Türkmenistanyň häzirki zaman şekillendiriş sungaty bölümi
6,7 - Wagtlaýyn sergi bölümleri
8,9 - Günbatar-Ýewropa halklarynyň şekillendiriş sungaty bölümi
10- Rus şekillendiriş sungatynyň sergi bölümi
11- Dürli halklaryň şekillendiriş sungaty sergi bölümi

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



19.11.2019

Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty





09.11.2019

Berekediň egsilmesin Topragym





07.11 2019

Türkmenistan Watanym Rowaçlyga ýetenim





06.11.2019

Reňkleriň yşkynda