Şehitlere tagzym bolsun bu güller

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde “Şehitlere tagzym bolsun bu güller” aty sergi gurnaldy. Sergide 1948-nji ýylyň ýer titremesine bagyşlanan eserler hem-de taryhy ýadygärlikler bilen baglanşykly nakgaş eserleri şeýle-de heýkel eserleriniň  bolmagy we keramika sungatynyň birnäçe görnüşleriniň ýerleşdirilmegi sergä özboluşly aýratynlyk berýär. Ussat suratkeşler Ý.Daneşwar, I.Çerinko, R.Çüriýew, S.Meredow, G.Babikow, Ş.Akmuhammedow ýaly sungat ussatlarynyň döreden eserleriniň bolmagy her bir tomaşaça uly täsirini ýetirýär. Eserleriň arasynda Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ş.Akmuhammedowyň 1979-njy ýylda ýerine ýetiren “Ýeriň hakydasy” atly nakgaş eserinde türkmen topragynyň mukaddesligini görkezýär. Eserde ýüzleri gasyn-gasyn enäni suratlandyryp, topragyň suduryny hem edil enäniň ýüzündäki gasynlar ýaly görkezmegi ene topragyň ene kimin mähir ýylgyrşyny beýan edýär. Eserde ýylylyk we ýagtylyk bolup, ol tomaşaçyda ýakymly täsirini galdyrýar. Şeýle hem sergide A.Kakaesenowyň, A.Taganowyň, M.Nurymowyň, A.Meredowyň döreden heýkel we keramika sungat eserleri görkezilýär. 

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

1-nji gat

1- Garaşsyzlyk sergi bölümi
2- Türkmenistanyň gadymy sungaty sergi bölümi
3- Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussatlary sergi bölümi
4-1, 4-2 - Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty sergi bölümleri
4-3- 1960-1970-nji ýyllaryň türkmen şekillendiriş sungaty sergi bölümi

2-nji gat

5- Türkmenistanyň häzirki zaman şekillendiriş sungaty bölümi
6,7 - Wagtlaýyn sergi bölümleri
8,9 - Günbatar-Ýewropa halklarynyň şekillendiriş sungaty bölümi
10- Rus şekillendiriş sungatynyň sergi bölümi
11- Dürli halklaryň şekillendiriş sungaty sergi bölümi

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



19.11.2019

Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty





09.11.2019

Berekediň egsilmesin Topragym





07.11 2019

Türkmenistan Watanym Rowaçlyga ýetenim





06.11.2019

Reňkleriň yşkynda