Türkmenistanyň Halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýatlama sergisi

Halypa suratkeşimiz Aýhan Hajyýewiň 95 ýyllygy we döredijilik älemine bagyşlanan sergi oktýabr aýynyň 11-ne açyldy. Sergide Aýhan Hajyýewiň ýerine ýetiren ajaýyp eserleri görkezilip olardan “Bahar”, “Bäşimiz”, “Meňli”, “Ilkinji mugallym”, “Magtymgulynyň portreti”, “Mollanepesiň portreti” we başgada birnäçe eserleri bolup tomaşaça uly täsirini galdyrýar. Onuň  1986-njy ýylda ýerine ýetiren uly göwrümli eseri bolan “Ähli zat geçýär, ähli zat üýtgeýär” atly eserinde türkmen topragynda ýerleşýän dünýä meşhur gadymy Parfiýanyň paýtagty Nusaý galasyna bagyşlanylýar. Eserde ilkinji planda suratkeş özüni suratlandyryp geçen taryhy wakalary ýadyna salyp oýa batyp oturan pursady görkezilip onda gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan tapyndylar suratlandyrylýar. Şol görkezilen tapyndylaryň arasynda pil süňkünden ýagny (şirmaýydan) ýasalan meşhur riton we radagunanyň şekili görkezilýär. Aýhan Hajyýewiň döreden eserleri özboluşly taryhyň bir ajaýyp görnüşi bolup biziň döwrebap muzeýlerimize aýratyn öwüşgün çaýýar. Onuň eserleri muzeýe gelýän adamlarda uly täsirini galdyrýar. Aýhan Hajyýew öz eserleri bilen geçen asyryň ortalaryna we aýaklaryna daşary döwletlerde hem çykyş edip gatnaşdy. 

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



11.06.2020

«Türkmen binagärliginde çeper-bezeg sungaty» atly ylmy-amaly maslahat





11.06.2020

Ylymlar güni mynasybetli “Ylym döwletiň kuwwaty” atly sergi





06.06.2020

Gökderedäki göçme sergi