Reňkleriň yşkynda

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň şahsy sergisi açyldy. Suratkeşiň nakgaş eserlerinde esasan bahar we güýz aýlarynyň tebigaty şekillendirilýär. Onuň döreden peýzažlarynda, natýurmortlarynda we etýudlarynda eziz ülkämiziň şatlykdan doly joşgunly durmuşyny görmek bolýar. Benewşe, pöwrize, mawy, gyzyl reňkleriň biriniň beýlekisine emaý bilen yzygiderli geçmegi - tebigatyň gaýtalanmajak owadan ajaýyplyklaryny döredýär. Ol öz eserlerinde türkmen obalaryny, ahalteke atynyň owadanlygyny, taryhymyzy, döwürdeşlerimiziň portret-suratlaryny şöhlelendirýär.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



11.06.2020

«Türkmen binagärliginde çeper-bezeg sungaty» atly ylmy-amaly maslahat





11.06.2020

Ylymlar güni mynasybetli “Ylym döwletiň kuwwaty” atly sergi





06.06.2020

Gökderedäki göçme sergi