Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 19-23-nji noýabr aralygynda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly III halkara festiwaly geçirilýar. Halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolup, ol ýerde teatr sungatyna bagyşlanyp gurnalan sergini synladylar. Sergä myhmanlar bilen bilelikde, ýurdumyzyň medeniýet öýlerinde, teatrlarynda zähmet çekýan sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň ýerine ýetiren Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň heýkeli, Türkmeistanyň halk artistleri Daňatar Öwezowyň, Ödenyýaz Nobatowyň, Annagül Annagulyýewanyň, Alty Garlyýewiň, Baba Annanowyň,  Bazar Amanowyň býustlary ýaly işleriň üsti bilen myhmanlar türkmen medeniýetiniň öçmejek ýyldyzlary bilen tanyşdylar.
Şeýle hem  Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň teatr suratkeşi hünärinde okap bilim alan uçurymlar Gahryman Goçmyradowyň “Kabyl-Habyl”, Wepa Annaberdiýewiň “Andalyp”, Begenç Berkeliýewiň “Gül we Bilbil”, Çingiz Toräýewiň “Iki hojaýynyň hyzmatkäri”, Perman Taganowyň “Täze ýurt”, Mekan Annamyradowyň “Türkmen ruhy”, Gülalek Çaryýewanyň “Jelaletdin”, Gudrat Babaýewiň “Göroglynyň döreýşi”, Begsenem Hojanyýazowanyň “Şükür bagşy” ýaly diplom we ýyllyk nakgaşlyk işleri hem serginiň dowamynda görkezildi.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

1-nji gat

1- Garaşsyzlyk sergi bölümi
2- Türkmenistanyň gadymy sungaty sergi bölümi
3- Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussatlary sergi bölümi
4-1, 4-2 - Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty sergi bölümleri
4-3- 1960-1970-nji ýyllaryň türkmen şekillendiriş sungaty sergi bölümi

2-nji gat

5- Türkmenistanyň häzirki zaman şekillendiriş sungaty bölümi
6,7 - Wagtlaýyn sergi bölümleri
8,9 - Günbatar-Ýewropa halklarynyň şekillendiriş sungaty bölümi
10- Rus şekillendiriş sungatynyň sergi bölümi
11- Dürli halklaryň şekillendiriş sungaty sergi bölümi

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



07.01 2020

Gökderedäki “Çeşme” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde gurnalan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi





23.12.2019

Dünýä ýaň salan halym





16.12.2019

Haly muzeýindäki dabara





16.12.2019

“Ahlak gözelligi – rowaçlygyň gönezligi” atly bäsleşik sergi