“Ahlak gözelligi – rowaçlygyň gönezligi” atly bäsleşik sergi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň  Beýik  Saparmyrat  Türkmenbaşy adyndaky  şekillendiriş   sungaty  muzeýinde çeperçilik hünär ugurlary orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän plakat işlerini döretmek boýunça “Ahlak gözelligi – rowaçlygyň gönezligi” atly  bäsleşik sergisi gurnaldy. “Türkmenistanda 2018-2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça milli maksatnamany amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilmeli çäreleriň” düzüminde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi üçin göz öňünde tutulan çäräni guramak maksady bilen, bu bäsleşikde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çeperçilik hünär ugurlary orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň, çagalar çeperçilik mekdepleriniň, çagalar sungat mekdepleriniň, çeperçilik bölümleriniň hünär mugallymlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän plakat işleriniň birnäçe görnüşleri görkezilýär.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



13.02.2020

Bäşim Nuralynyň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergi





11.02.2020

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi





31.01.2020

“Eziz ýurdum Bitaraplyk mekany” atly sergi