Gökderedäki “Çeşme” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde gurnalan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi

2020-nji ýylyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Çünki bu ýyl – hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň dünýä ýaň saljak ýyly. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dost-doganlyga, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan hyzmatdaşlygynyň netijesinde ýurdumyzyň ajaýyp ösüşleri äleme ýaň salýar. Bu ýylda buýsançly şygar astynda geçiriljek Halkara Bitaraplyk güniniň dabaralary parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, asudalyk ýörelgeleri bilen dünýä ykrar edilen Türkmenistanyň şanly ösüşleriniň ýalkymyny has-da nurlandyrar.
Gahryman Arkadagymyz “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýär. Bu ganatly jümleden ruhlanyp,  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi ösdürmekde asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri hem diňe bir muzeýiň içinde däl-de, eýsem, ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, şeýle-de Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergilerini gurnaýar. Ine şeýle ajaýyp sergileriň biri hem Gökderedäki “Çeşme” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde gyşky dynç alyş möwsüminde dynç alýan körpeje nesilleriň arasynda gurnalyp, onda ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň nakgaş, heýkel eserleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň ussatlarynyň ýasan ajaýyp senetleri sergilenýär. Şeýle ajaýyp sergileriň körpeje nesilleriň arasynda sergilenmegi, munyň özi olaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň has hem gyzykly geçmegine ýardam berer. 
Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dabarasyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



13.02.2020

Bäşim Nuralynyň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergi





11.02.2020

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi





31.01.2020

“Eziz ýurdum Bitaraplyk mekany” atly sergi