“Kalby bahar zenanlar”

Baharyň ilkinji günleri bilen gelýän mährem baýramçylyklarymyzyň biri-de hormata, uly sarpa mynasyp owadan gelin gyzlarymyzyň, nurana keşpli enelerimiziň güni bolan 8-nji mart Halkara zenanlar baýramydyr. Hormatly Prezidentimiz: “Eziz enelerimiziň, mähriban zenanlarymyzyň, hormatly gyz-gelinlerimiziň bagtyýarlygy halkymyzyň, Berkarar Watanymyzyň buýsanjydyr” diýip bellemek bilen, türkmen zenanlaryna uly hormat goýýar. Bu hormat-sylag biziň her birimize ganat bekläp, öý-ojagymyzy gorap saklap, çuňňur söýgimiz hem gyzgyn mährimiz bilen maşgalada, jemgyýetde we döwletde parahatçylygyň, agzybirligiň saklanmagyna ýakyndan ýardam etmegimize ruhy güýç berýär. 
Ýaz paslynyň ajaýyp baýramy - Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Kalby bahar zenanlar” atly sergide halypa suratkeşlerimiziň şeýle-de ýaş suratkeşleriniň döreden eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide birnäçe bezegli keramika, nakgaş, amaly-haşam sungaty eserlerinde eneleriň, gelin-gyzlaryň gözelligini wasp edýän sungat gözelliklerini görmek bolýar. 
Sergidäki eserleriň arasynda ussat suratkeşler Rahman Umarowyň “Näzli”, Gülşat Annamyradowyň “Irden günüň dogşy”, Tamara Kiselýowanyň “Geljege garaýyş”, Saparmämmet Meredowyň “Zenanlara bagyşlap”,  Tuwak Sähedowanyň “Söýli halan”, Aýa Serhenowanyň “Türkmeniň baýlygy”, Aýjeren Meredowanyň “Owadan güller” ýaly döreden nakgaş eserleri şeýle hem birnäçe ussat keramikaçylarymyzyň döreden ajaýyp keramika küýzeleri görkezilýär. Olardan Maral Ataýewanyň “Müsür”, Annameret Taganowyň “Bezeg güldan”, Gülara Babaýewanyň “Balykgulak” ýaly eserleri bolup sergä ajaýyp öwüşgün çaýýar. 

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



11.06.2020

«Türkmen binagärliginde çeper-bezeg sungaty» atly ylmy-amaly maslahat





11.06.2020

Ylymlar güni mynasybetli “Ylym döwletiň kuwwaty” atly sergi





06.06.2020

Gökderedäki göçme sergi