“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli göçme sergi

2020-nji ýylda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip at berilmegi uly bir many mazmyna eýedir. Türkmenistan öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan uly üstünliklere eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynda ajaýyp üstünliklerine ýetildi. Göňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdumyz bütin dünýäde uly abraýa eýe boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýöriteleşdirilen bank mekdebinde göçme serginiň açylyş dabarasy boldy.
Sergide ussat suratkeşler Yzzat Gylyjowyň “A.Jülgäýewiň portreti”, Ýarly Baýramowyň “Gaýybanaçy”, Aman Amangeldiýewiň “Biziň atalarymyz”, Rahman Umarowyň “Läle bagşy”, Tamara Kiselýowanyň “Irisler”, Laçyn Rejepgulyýewanyň “Ýaşyl alma”, Söýün Sähetgylyjowyň “Milli natýurmort”, Aýa Serhenowanyň  “Türkmenistanyň baýlygy” atly eserler toplumy  öz beýanyny tapdy. Eserlerde türkmeniň taryhyny wasp edýän milli gymmatlyklarymyzyň gözelliklerini milli öwüşgünlere beslenýär. Serginiň süňňünden geçýän taryhy milli gymatlyklarymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi, gözel tebigatymyz baradaky eserler suratkeşler tarapyndan inçelik bilen şöhlelendirilipdir. 

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



11.06.2020

«Türkmen binagärliginde çeper-bezeg sungaty» atly ylmy-amaly maslahat





11.06.2020

Ylymlar güni mynasybetli “Ylym döwletiň kuwwaty” atly sergi





06.06.2020

Gökderedäki göçme sergi