Aýa Serhenowanyñ şahsy döredijiligine bagyşlanan sergi

Suratkeş Aýa Serhenowa sýurrealizma degişli bolan, ýagny Ýewropa ýurtlarynda “hyýaly realizm” diýlip atlandyrylýan aýratyn ugrunyň wekilidir.  Grafik nakgaş Aýa Serhenowa tükeniksiz fantaziýa we döredijilik başarnygy mahsusdyr. Aýanyň her bir täze sergisi – fantasmagorik hyýallarynyň doly aňşyrylmadyk duýgularynyň dünýäsine täsin syýahatdyr. Sabyrly hem oýlanyşykly suratkeş bolup, Aýa diňe özüniň başdan geçiren duýgularyna esaslanýar. Suratkeş her bir tekizligi, her bir göwrümi ýeňillik we ussatlyk bilen ýerine ýetirýär, jikme-jik işlenen şekiller duýdansyz gelen ylhamyň netijesinde, ýagny bir demde döredilýär. A.Serhenowa suratlaryny topukly syýagalam (ruçka), reňkli galamlar, ýagly reňkler bilen çekip we bu ýada başga eserine laýyk gelýän dürli enjamlary, materiallary saýlap, özboluşly awtorlyk usulyny ulanýar. 
Aýa grafika ýada nakgaşçylyk eserlerini döredende daşky gurşawa seretmän, ähli ünsini işinde jemleýär we “döredijilik meditasiýa” bilen deňäp bolýan ýagdaýynda bolup durýar.  

                                                                   Azat Annaýew
                                                                       sungaty öwreniji, 
Türkmenistanyň sungatda 
                                                                      at gazanan işgäri

Aýa Serhenowa 1981-nji ýylda Aşgabatda döredijilik maşgalasynda eneden bolýar. Onuň ussat suratkeşler (öz kakasy Amanmyrat Serhenow, Bulnazar Bekmyradow we Akmyrat Berdigylyjow) we sungat adamlary (Artyk Jallyýew we Rinat Ismailow) bilen gatnaşykda bolmagy Aýanyň dünýägaraýşyna we suratkeş kärini saýlamagyna täsir edýär. 
2000-2004-nji ýyllarda Aýa Şota Rustaweli adyndaky Türkmen çererçilik mekdebinde nakgaş mugallymy Guwanç Hojanyýazowdan we nakgaşçylyk tehnologiýasy boýunça mugallymy Azat Annaýewdan bilim alýar. 
Aýa Serhenowa 200-den gowrak eser döredip, 2018-nji ýylda “Juma” studiýasynda şahsy sergisini gurnaýar, şu güne çenli suratkeş Türkmenistanyň belli wakalaryna bagyşlanan 12 sany sergisine gatnaşdy – olar 2019-njy ýylda geçirilen 13-nji Halkara kitap ýarmarkasy (Aşgabat), Fransiýanyň (2018, 2019) we Amerikanyň (2019) ilçihanalarynyň tarapyndan gurnalan segileri, 2018-nji ýylda Germaniýanyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Türkmen suratkeşleriň gözleri bilen Germaiýa” atly bäsleşigi, 2019-njy ýylda Dubaý şäheriniň Nusaý galereýasynda geçirilen sergi. 
Aýanyň suratlary Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Amerikanyň, Russiýanyň we Tatarstanyň şahsy ýygyndylarynda saklanylýar.
Eserleriň özboluşlylygy we sungata ussatlyk bilen çemeleşmesi žurnalistlerde gyzyklanma döretdi.  “Altyn asyr” internet neşirinde T.Glazunowa “Aýa Serhenowa: nakgaşçylyk metaforalarynyň dilinde monolog” (2019) hem-de “ORENT” neşirinde S.Maýak “Ykbaly şekillendirip: suratkeşler Serhenowlaryň maşgalasynyň dowamaty” (2019) atly makalalar çap edildi.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



27.03.2020

Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň ýatlama sergisi





27.03.2020

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri suratkeş Atajan Aşyrowyň şahsy döredijiliginden gurnalan sergi





24.03.2020

“ Aşgabat şäher demir ýol ulaglary “ orta hünär okuw mekdebinde gurnalan göçme sergi





19.03.2020

“Nowruz geldi bu bagtyýar diýara” atly sergi