“ Aşgabat şäher demir ýol ulaglary “ orta hünär okuw mekdebinde gurnalan göçme sergi

       Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ajaýyp işler amala aşyrylýar.  2020-nji Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany  ýyly mynasybetli  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ajaýyp sungat eserleriniň sergilenmegi uly many mazmuna eýedir. Türkmenistan  öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan içerki we daşarky syýasyýasatlarynda üstünliklere ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdumyz bütin  dünýäde uly abraýa eýe boldy.
       Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany  ýylynda Medeniýet we sungat işgärleri üçin has hem döredijilige baý ýyllaryň biri bolar. 
         Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda muzeý gymmatlyklaryny wagyz etmek maksady bilen döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerini sergiler geçirilýär. Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany  ýyly mynasybetli  “Aşgabat şäher demir ýol ulaglary“ orta hünär okuw mekdebinde gurnalan göçme  sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleriň Yzzat Gylyjowyň “Newanyň buzluklary”, Ýewgeniýa Adamowanyň “Dutar hakda söhbet”, Toýmämmet Esenmämmedowyň “Çaýdyp gelmek”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Sapatmämmet Meredowyň “Gadymyýet” atly eserler toplumy ýaly birnäçe nakgaş eserleri sergilendi.  Halypanyň bu eserlerinde taryhy ýadygärlikler beýan edilýär. Gadymy Nusaý galasynyň Änew metjidiniň sudurlary beýan edilýär. Ýewgeniýa Adamowanyň zenan keşbine ýüzlenip döreden  nakgaş eseri, naýbaşy eserleriň biridir.  Suratkeş  açyk reňkleriň kömegi bilen portret eseriniň ýagdaýyny gönümel bermegi başarýar. Şeýle-de sergide görkezilýän peýzaž eserlerinde oba  tebigatynyň gözelligi beýan edilýär. Ene ýerimiziň hereketi açylyp, tebigatyň gözelligi adamlarada öz täsirini ýetirýär. Bu eserdäki  ähli zatlaryň  goşa-goşalykda  beýan edilmegi eseriň täsirini hasam güýçlendirýär. Şeýle hem sergide gelin-gyzlaryň keşbine ýüzlenip döredilin heýkeller goýuldy.     

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



27.03.2020

Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň ýatlama sergisi





27.03.2020

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri suratkeş Atajan Aşyrowyň şahsy döredijiliginden gurnalan sergi





24.03.2020

“ Aşgabat şäher demir ýol ulaglary “ orta hünär okuw mekdebinde gurnalan göçme sergi





19.03.2020

“Nowruz geldi bu bagtyýar diýara” atly sergi