Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň” atly sergi

Berkarar döwletimiziň bagyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan watanmyzda,hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýegşenbesinde bedew baýramy uly dabara bilen bellenilip geçirilýär. Türkmen halkymyzyň gadymy dessanlarynda, rowaýatlarynda, ertekilerde, taryhymyzda şeýle hem Türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan ýazyjydyr şahyrlarymyzyň goşgy setirlerinde, türkmeniň buýsanjy bolan behişti bedew atlarymyzyň waspy örän ajaýyplyk bilen giňişleýin beýan edilýär.

Türkmeniň göz guwanjy bolan behişti bedewlerimiz diňe bir öz Watanmyzda meşhurlyga eýe bolman bütin dünýäde uly at abraýa eýedir. Biziň bedew atlarymyz özüniň gözelligi we ýyndamlygy bilen her bir adamda uly täsirini galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen halkyna peşgeş beren bedew atlarymyzy wasp edýän ajaýyp kitaplarynda olaryň gylyk-häsiýeti we gözelligi dogrusynda giňden beýan edilýär. Biziň gadymy dessanlarymyzdan “Görogly” şa dessanynda hem Göroglynyň Gyraty barasynda dessanda ajaýyp maglumatlara duş gelmek bolýar, ady rowaýata öwrülen bedew atlarymyzyň neslinden, bolan häzirki zaman owadan bedewlerimiz bu günki günde biziň uludan tutýan şanly baýramlarymyzyň we toýlarymyzyň esasy bezegidir ata-babalarymyz ahalteke atlarymyzyň waspyny açyp görkezýän ajaýyp dürdäne setirlerinde ine, şeýle sözler beýan edilýär. ”Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň”, “Irden turda ataňy gör ataňdan soň atyňy” “At agynan ýerde toý bolar” we başgada ýüzlerçe şeýle ajaýyp setirleri biziň ata – babalarymyz bedewe bolan söýgisini sözleriň üsti bilen şu günümize çenli ýetipdirler.

Biziň sungat ussatlarymyz bedew atlarymyzy nakgaşçylykda, heýkeltaraşçylykda, zergärçilikde we amaly-haşam sungatlarymyzda diýseň ajaýyp waspyny ýetirýärler. Bu gün hem şeýle ahalteke bedewlerimizi wasp edýän ajaýyp döredijilik sergisi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň” ady bilen açyldy sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň şeýle hem zehinli heýkeltaraşçylarynyň we amaly-haşam sungatyna degişli haly önümleriniň bolmagy sergä ajaýyp bezeg berýär. Sergide Batyr Hudaýnazarowyň, Tamara Kisilýowanyň, Roza Çeşmeliýewanyň, Saparmämmet Meredowyň, şeýle hem halk suratkeşler Çary Amangeldiýewiň we Ýakup Annanurowyň döreden nakgaş eserleri görkezilýär. Ajaýyp Türkmen bedewiniň waspyny açyp görkezýän we atlaryň nesil daragtyny beýan edýän suratkeş Ada Gutlyýewiň haly sungaty sergä has-da öwüşgün çaýýar. Heýkeltaraşçylar Zahit Babaýewiň we Nurmuhammet  Ataýewiň ýerine ýetiren heýkelleri hem türkmen sungatynyň milliligini we bedew atlarymyzyň taryhy keşplerini açyp görkezýär. Sergi her bir sungaty söýüji  muşdaklarda öz täsirini galdyrýar.  

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



10.09.2020

Berkarar döwletli nurana Watan!





31.08.2020

Bilimli il ozar





17.07.2020

Saglygym – baş baýlygym





18.06.2020

Arkadagly Watanda sungatymyz sarpaly