“Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli göçme sergisi

2020-nji ýyla “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip at berilmegi uly bir many mazmuna eýedir. Türkmenistan öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan uly üstünliklere eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynda ajaýyp üstünliklere ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdymyz bütin dünýäde uly abraýa eýe boldy.

Türkmenistan  öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan içerki we daşarky syýasyýasatlarynda üstünliklere ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdumyz bütin  dünýäde uly abraýa eýe boldy.

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli hem-de Bedew baýramçylygynyň öň ýanynda, ýagny 2020-nji ýylyň 20-26-njy aprelinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde göçme sergisi gurnaldy.

Biziň sungat ussatlarymyz bedew atlarymyzy nakgaşçylykda, heýkeltaraşçylykda, zergärçilikde we amaly-haşam sungatlarymyzda diýseň ajaýyp waspyny ýetirýärler. Sergide ussat suratkeşler Türkmenistanyň halk suratkeşleri Çary Amangeldiýewiň, Ýakup Annanurowyň döreden nakgaş eserleri, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň “Dag etegi”, belli suratkeşler Saparmämmet Meredowyň “Bedewler”, Walentin Kudrýaşowyň “Parfiýa ýaýlasy”, Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy”, “Bu gün toý”, Rejepberdi Muhammedowyň “Rowaýat”  atly eserler toplumy öz beýanyny tapdy. Eserlerde türkmeniň taryhy wasp edýän milli gymmatlyklarymyzyň gözelliklerini milli öwüşginlere beslenýär. Serginiň süňňünden geçýän taryhy milli gymmatlyklarymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi, gözel tebigatymyz baradaky eserler suratkeşler tarapyndan inçelik bilen şöhlelendirilipdir.

Bu işler Türkmenistan Watanymyzyň medeni dostlukly gatnaşyklarynyň şaýatlarynyň subutnamasy görkezýär. Sowgatlyk işlerde dürli ýurtlaryň sungaty we gözel tebigatynyň şekilleri öz beýanyny tapýar.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



28.05.2020

“Saglyk – bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr”





22.05.2020

“Akpamyk”





20.05.2020

“Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli göçme sergisi





20.05.2020

«Bagt şäherim Aşgabat»