“Ýeňiş getiren merdanalar”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda her ýylyň 9-njy maýynda  1941-1945-nji ýyllarynda bolup geçen Beýik Watançylyk urşynda gazanylan Ýeňşiň hatyrasyna ýurdumyzda uly dabaralar geçirilýär. Bu ýyl hem “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli  uruş ýyllarynda gahrymanlarça söweşen gerçeklerimiziň hatyrasyna we olaryň ýagty ýadygärligine hormat sylag hökmünde gül desseleriniň goýulmagy hem-de olaryň yzynda galan maşgalasyna döwlet tarapyndan sowgat sylaglaryň berilmegi bizi diýseň buýsandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Geçmişiň şöhraty biziň şu günümiziň buýsanjydyr. Aldym-berdimli söweşlerinde türkmen gerçekleriň görkezen gahrymançylygyna edermenligine baky hormat we ebedi şöhrat bolsun” diýen sözleriniň çuň manysy bar. Biziň ata-babalarymyzyň görkezen şeýle gahrymançylyklaryna uly hormat hökmünde hormatly Prezidentimiz tagallasy bilen paýtagtymyzyň Bekrewe şäherçesinde gurlan                     “Watan mykaddesligi”  ýädygärlikler toplumynyň hem biziň gerçeklermiziň gaýduwsyz watan söýüji häsiýetleriniň bolandygyny aýdyň beýan edýär.

Şeýle gahrymançylykly wakalara bagyşlap türkmen suratkeşleri, heýkeltaraşçylary umuman sungat ussatlary ajaýyp eserleri döredip Türkmen sungatyna uly bir goşant goşupdyrlar. Şeýle eserlerde biz watan mukaddesligini, ar-namyslygy, gaýduwsyz gahrymançylyk ýaly häsiýetleri görüp bilýäris. Şonuň ýaly ajaýyp eserlerden düzülen sungat eserlerinden 1941-1945-nji ýylda bolup geçen söweşde gazanylan Ýeňişiň 75 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi “Ýeňiş getiren merdanalar” atly sergi gurnady. Sergide şol ýyllaryň wakalaryny şeýle hem ýeňişiň şöhratyny wasp edýän birnäçe eserler sergä aýratyn öwüşgin çaýýar. Sergide halk suratkeşler Ýakup Annanurowyň “General Kulyýew Stalingradyň ýanynda”, Yzzat Gylyjowyň “Beýik Watançylyk urşunyň weterany ýazyjy Seýitnyýaz Ataýewiň portreti”, “Beýik Watançylyk urşunyň weterany Sahat Rejepowyň portreti”, Ýewgeniýa Adamowanyň “Beýik Watançylyk urşunyň weterany Ylýas Sähetdurdyýewiñ portreti” Nikolaý Çerwýakowyň “1941-nji ýylda ugradyş”, “Urşuň weteranlary”, Mämmet Mämmedowyň  “9-njy Maý baýramçylygy”  Saparmämmet Meredowyň “Meniň Watanym. Erkana uçuş”, Berdiguly Amansähedowyň “Agamyň patefony”, Aýjeren Meredowanyň “Ýeňiş getiren maşgala” atly hakgaş eserleri, şeýle hem heýkeltaraşlar Welmyrat Jumaýewiň “Ýeňijiler” hem-de Annameret Taganowyň “Habar” atly eserleri görkezilýär. Sergi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Şeýle sergileriň geçirilmegine we geçmişimizi ýatlamagymyza uly mümkinçilik döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



28.05.2020

“Saglyk – bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr”





22.05.2020

“Akpamyk”





20.05.2020

“Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli göçme sergisi





20.05.2020

«Bagt şäherim Aşgabat»