Gökderedäki göçme sergi

 Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen muzeý gymmatlyklaryny sergilemek arkaly dürli dabaralar yzygiderli geçirilip durulýar.
Türkmenistan bagtly çagalaryň mekany Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmegi olaryň gowy okap terbiýe almagy üçin Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda uly mümkinçilikler döredilýär.
Biziň gelejegimiz bolan ýaş nesillerimize ýurdumyzda ýokary derejeli çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Çagalar özleriniň dynç alyş möwsüminde özleriniň boş wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary olaryň gelejeginiň has ajaýyp bolmagyna uly itergi berýär. 
Tomus möwsüminiň dowam edýän pursatynda Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmek hem-de şekillendiriş sungatynyň üsti bilen türkmen tebigatynyň gözelliklerini ýaş nesle görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Gökderedäki Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde göçme sergi gurnaldy. 
Sergide ussat suratkeşleriň eserlerinde türkmen tebigatyny we çagalaryň şadyýan durmuşyny wasp edýän gözellikler milli öwüşginlere beslenýär. Gözel tebigatymyz baradaky eserler suratkeşler tarapyndan inçelik bilen şöhlelendirilipdir. Serginiň dowamynda türkmen çagalarynyň bagtly durmuşyny wasp edýän eserler toplumy we dürli döwletler tarapyndan berlen sowgatlyklaryň ýygyndysy sergide öz beýanyny tapdy.

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



10.09.2020

Berkarar döwletli nurana Watan!





31.08.2020

Bilimli il ozar





17.07.2020

Saglygym – baş baýlygym





18.06.2020

Arkadagly Watanda sungatymyz sarpaly