Ylymlar güni mynasybetli “Ylym döwletiň kuwwaty” atly sergi

“Biziň öz suratkeşler we heýkeltaraşlar

                                                           mekdebimiz bolmalydyr. Biziň suratkeşlerimiz 

we heýkeltaraşlarymyz geçen asyryň örän baý 

                                                                tejribesine daýanyp, täze döredijilik üstünliklerini gazanmalydyrlar.“ 

Türkmenistanyň Prezidenti: Gurbanguly Berdimuhamedow 

      Berkarar  döwletiň  bagtyýarlyk döwründe  türkmen  halky  agzybirlikli  zähmeti  bilen  Watanymyzyň  gülläp  ösmegi  üçin  asylly  zähmet  çekýärler . Beýik  ösüşleriň  ýoly  bilen  ynamly  öňe  barýan  Watanymyzda  dünýäniň ösen  döwletleriniň  tejribesi  hem-de  häzirki  döwrüň  talaplary  nazara  alnyp, düýpli  ylmy-tehniki  özgertmeler  üstünlikli  durmuşa  geçirilýär. Türkmenistan  ylmyň  we  bilimiň  mümkinçiliklerini  parahatçylygyň  we  dostlugyň  bähbitlerine  gönükdirmek  bilen, iri halkara  guramalary, daşary  ýurtlaryň  ylmy  merkezleri  bilen  ylym, tehnika  we  innowasion  tehnologiýalar  boýunça  hyzmatdaşlygy  yzygiderli  pugtalandyrýar.

    Hormatly  Prezidentimiziň  ýolbaşçylygynda  her  ýylyň 12-nji iýuny  Ylymlar güni  diýip bellenip  geçirilýär. Bu  dabara  mynasybetli  Türkmenistanyň  Şekillendiriş  sungaty  muzeýinde   “Ylym döwletiň kuwwaty” atly  sergi  gurnaldy.

    Sergide  muzeý  gymmatlyklarynyň  üsti  bilen  türkmen  halkynyň  ylmy-bilimi, taryhy, sungaty  hem  Türkmenistanda  alnyp  barylýan  işler, nakgaş, heýkel  hem-de  keramika  eserleriniň  üsti  bilen  açyk  aýdyň  görkezilýär. Sergide  alymlaryň  portretleri, arheologlaryň, fizikleriň  tejribe  geçirýän  pursatlary, olaryň  durmuşa  geçiren  işleriniň  netijesinde  amala aşyrylýan  işler  barada  eserleriň  uly  toplumy  ýerleşdirilen. Sergide  geçen asyryň 1920-nji ýylynda Aşgabatda açylan gündogaryň zarpçy çeperçilik sungat mekdebiniň halypa ussat mugallymlarynyň we zehinli okuwçylarynyň ýerine ýetiren nakgaş hem-de grafika eserlerini görüp bilýäris. Ol eserler biziň nakgaşçylyk sungatymyzyň nusgawy ýolydyr. Şonuň ýaly ajaýyp eserleri bize miras goýan ussatlardan bu sergide Ruwim Mazeliň “Gyzyl esgerleriň oba gelmegi”, Olga Mizgerýowanyň “Türkmen gyzjagazlary”, Bäşim Nuralynyň “Bagşy çopanlaryň arasynda”, Yzzat Gylyjowyň “Fizikler”, Aýhan Hajyýewiň “Ilkinji mugallym”, Tokar Tugurowyň “Gün Ylmy-barlag institutynyň alymlary”, Aman Kulyýewiň “Öz gahrymanlarymyzyň arasynda” ýaly döreden eserleri hem sergä özboluşly bezeg berýär. Ylymlar gününe bagyşlanyp gurnalan bu sergide suratkeş Aýhan Hajyýewiň “Ilkinji mugallym” atly eserinde garagumyň jümmüşinden üsti kitaply düýäni idip barýan ýaş mugallymyň keşbini görkezýär. Bu eseriň manysy biziň her birimize mälim bolşy ýaly çägeli ýollar tekiz ýoldan ýörän ýaly däl ol kynçylyk bilen geçilýän ýollar suratkeş bu eserinde gujurly öňe tarap dogumly barýan mugallymyň özüne ynamly ýaş nesilleri ylym bermekde örän sowatlydygyny açyp görkezmek bilen bir döwürler biziň ata-babalarymyz özüniň düýe malyny bir kitaba çalyşandygynyň hem manysyny beýan edýän bu eser serginiň manyly bolmagyna uly täsirini ýetirýär.

Dünýäde  parahatçylygyň we dostlugyň pugtalanmagynda, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we döredijilikli başlangyçlaryň mümkinçilikleri çäksizdir. Häzirki döwürde ylmyň, bilimiň, milli medeniýetimiziň mümkinçiliklerini, döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny dowam etdirýäris.

  Ähli türkmen halkyny, Hormatly Prezidentimizi, ylym ojaklarynyň talyplaryny we işgärlerini Ylymlar güni bilen gutlaýarys!

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



10.09.2020

Berkarar döwletli nurana Watan!





31.08.2020

Bilimli il ozar





17.07.2020

Saglygym – baş baýlygym





18.06.2020

Arkadagly Watanda sungatymyz sarpaly