Berkarar döwletli nurana Watan!

Bu gün Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz “Türkmenistan – Bitaraplyk mekany” ýylynda Garaşsyzlygyň XXIX ýyllyk şanly baýramçylyk toýuny toýlaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzda bolup geçen we dowam edýän özgertmeler her birimiziň bagtyýar şu günümiziň we geljegiň hatyrasyna badalga berlen beýik işleriň dürdäneleri, mysaly sazlaşykly düzülen ajaýyp gymmatlyklardyr. Döwlet Garaşsyzlygy, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi parahat durmuşyň ygtybarly kepiline öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan düzümleýin özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzda ajaýyp uly ösüşler gazanyldy, obadyr, şäherlerimiz diýseň belent depginler bilen özgerdi ösdi ak mermerli binalaryň gurulmagy adamlaryň gowy dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miwesidir.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen milli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi syýasy ulgamyň has-da kämilleşmegini, ykdysadyýetiň yzygiderli ösdürilmegini, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň ösmegini, milli saglyk ulgamynyň berkemegini, bilimiň we ylmyň derejesiniň has hem ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly XXIX ýyllygy mynasybetli toýdyr, dabaralara beslenip geçirilýän “Berkarar döwletli nurana Watan!” atly baýramçylyk sergisinde halypa suratkeşleriň, ussat heýkeltaraşlaryň we zergärleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň waspyny ýetirýän ajaýyp eserleri öz ornuny tapdy.

Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýarly Baýramowyň “Gadymy Nusaý”, Yzzat Gylyjowyň “Güýz aýdymy”, Annadurdy Almämmedow “Magtymgulynyň Watanynda”  Saparmämmet Meredowyň “Halypalaryň halypasy”, Merdan Kakabaýewiň  “Pälwan bagşy”, we Tamara Kiselýowa, Inga Pawloskaýa, Tuwak Sähedowa, ýaly şekillendiriş sungatynyň görnükli ussatlarynyň nusgawy eserlerinde parahat, asuda al-asmanly ýurdumyzyň belent sepgitlerini öz eserleriniň üsti bilen waspyny ýetirýärler.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň “Güýz aýdymy” atly eserinde güýz paslynyň sary reňklerine bürenip oturan milli lybasly, silkme telpekli, elleri dutarly türkmen ýigitleriniň baýramçylyga goşant goşup toý aýdymyny aýdyp oturan pursatlaryny hereketli şekillendiripdir. Eseri synlanyňda bereketli topragymyzyň bol hasylyny, şatlyga şowhuna beslenen türkmen toýlaryny duýup bolýar.

Bulardan başga-da, tomaşaçylar sergide Saragt Babaýewiň, Nurmuhammet Ataýewiň, Muhammet Ýüzbaşewiň, Seýit Artykmämmedowyň keramika eserlerini hem synlap bilerler.

Merdana halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini, döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, dünýä nusgalyk işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin! Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun!

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



10.09.2020

Berkarar döwletli nurana Watan!





31.08.2020

Bilimli il ozar





17.07.2020

Saglygym – baş baýlygym





18.06.2020

Arkadagly Watanda sungatymyz sarpaly