Öten geçenleri ýatlap

Bu gün ähli türkmen halky şo ajy gijäniň şehitlerini hatyralaýar. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-den 6-na geçilýän gije Aşgabatda we onyň golaýyndaky  obalarda bolup geçen elhenç ýer titreme sanlyja sekundyň dowamynda ençeme adamlaryň kesegiň astynda galmaklaryna sebäp boldy. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesi Aşgabatda ýer titräp, owadan şäherimiz bir gijede weýran boldy. Halkymyz her ýylyň oktýabr aýynyň 6-syna ýurdumyzda  şol tebigy hadysada  şehit bolanlarymyzy ýatlap, hatyra gününi belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda biz öz öten geçenlerimizi ýatlap olary hatyralap uly sadakalar berip we olaryň ýagty ýadygärliklerine gül desselerini goýýarys bu biziň Watan üçin baş goýan gerçeklerimiziň şeýle hem şol ýer titremede şehit bolan ata babalarymyza bolan hormatymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda şol geçenlerimizi  ýatlap bekrewe şäherçesinde Watany goramakda gahrymanlarça söweşen gerçeklerimiziň we şol aýylganç ýer titremede şehit bolanlaryň hatyrasyna “Halk hakydasy” atly ýadygärlikler toplumynyň we                                “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gurlup berilmegi, geçmişimize goýulýan uly bir sarpadyr. Bu hatyra günine Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Öten geçenlerimizi ýatlap” atly sergi gurnaldy sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň döreden sungat eserleri serginiň many mazmunyny açyp görkezýär. Eserleriň arasynda ýer titremede bolan aýylganç wakalary suratkeşler özleriniň gören we eşiden maglumatlary esasynda ýerine ýetiripdirler, gynandyryjy ýagdaýlar şol gijäniň betbagtçylykly wakasy bir näçe reňkleriň üsti bilen nakgaş eserinde jemlenipdir.

Şeýle eserleri ýerine ýetiren suratkeşlerden Türkmenistanyň halk   suratkeşleri Şamuhammet Akmuhammedow, Annamämmet Hojanyýazow, Babageldi Owganow, we başgada zehinli suratkeşleriň eserleri görkezilip eserleriň arasynda ussat halypa suratkeşimiz Annamämmet Hojanyýazowyň 1990-nji ýylda ýerine ýetiren ''Betbagtçylyk'' diýen eseri bolup eserde 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-syndaky ýer titreme hadysasy suratlandyrylýar. Eserde gujagy çagaly zenanyň öz çagasy bilen tebigy betbagtçylykdan halas bolmak üçin aljyraňly  pursady beýan edilýär,  ýykylan binalar we şol pursadyň aýylganç wakasy görkezilýär suratkeşler öz döredijilikli aýratynlyklary bilen birnäçe şol tebigy hadysa bilen bagly bolan suratlary ýerine ýetiripdirler, eserleriň arasynda ussat halypa heýkeltaraşlar Türkmenistanyň halk suratkeşi Juma Jumadurdyýewiň şeýle-de ussat heýkeltaraşlar Artyknazar Meredowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Agameret Garaýewiň döreden daşdan we agaçdan heýkel eserleri bolup serginiň özboluşly aýratynlygyny açyp görkezýär.  

Türkmen halkymyz hemişe öz geçmişine sarpa goýup öten geçenlerimize we olaryň ruhuna aýat töwirleri okap uly hormat bilen hatyralaýarlar. Eziz diýarymyzda mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen öz geçmişimizi ýatlamagymyza we taryhymyzy medeni mirasymyzy öwrenmegimize giň mümkinçilikler döredilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Türkmenistan Watanmyz hemişe abadan we parahat bolsun.Hormatly Prezidentimiziň jany sag il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn. 

2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.     Doly Oka

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



06.11.2020

Ülkämiň toý saçagynda





15.10.2020

“Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti ” atly ylmy duşuşygynyň sanly ulgam arkaly geçirilmegi we arheologik tapyndylaryň sergisi





05.10.2020

Öten geçenleri ýatlap





01.10.2020

Törden orunly Ýaşulularymyz