„Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti“ atly sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

      Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, galybersede ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan toýlanyljak „Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylynda her bir günümiz toý-baýramlar, şanly wakalara beslenýär.

      Biziň gözel şäherimiz Köpetdagyň belent gerişleri Garagumyň altynsow çägelikleri bilen bilen galtaşýan Aşgabat Türkmenistan döwletimiziň baş şäheri we paýtagtydyr. Ýurduň syýasy, ykdysady, ruhy-jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly iň möhüm resminamalar, çözgütler şu ýerde kabul edilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi, ylmy ojaklary paýtagtda ýerleşýär. 1881-nji ýylda Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda dürli çäreler, sergiler, onlaýn maslahatlar geçirilýär. Şeýle maslahatlaryň biri hem 17-nji martda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik Ministrliginiň we Türkmenistanyň binägärler birleşiginiň bilelikde geçiren „Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti“ atly onlaýn maslahatydyr.

      Maslahatda daşary döwletleriň binagärlik sungaty bilen iş salyşýan işewürlik toparlaryň we alymlaryň çykyşlary we olaryň binagärlik sungatyny ösdürmek baradaky birnäçe pikir alyşmalary hem-de täze gurluşyk taslamalary görkezildi. Maslahatyň dowamynda bolsa biziň ýurdumyzyň has dogrusy paýtagtymyzyň Aşgabadyň geljekde meýilleşdirilýän binalarynyň we seýilgähleriň, durmuş makasatly desgalaryň  taslamalary görkezildi.

    Geçirilen onlaýn maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynyň we Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik institutynyň halypa mygallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslamalarynyň sergisi gurnaldy.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    12.04.2021                    

Halypa suratkeşler bilen “Garaşsyzlygymyzyň waspy şekillendiriş sungatynda” atly döredijilik duşuşyk

               

                             


                    12.04.2021                    

Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetinde guralan göçme sergi

               

                             


                    08.04.2021                    

Çagalaryň döredijiligi

               

                             


                    05.04.2021                    

Baş baýlygym - saglygym