Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda “Gülleýär Watanym-jan Türkmenistan” atly sergi

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen atlandyrylan 2021-nji ýyl ýurdumyzyň syýasy durmuşynda ähmiýetli wakalara baý ýyllaryň biri hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bilimde, ylymda, ykdysadyýetde, medeniýetde, binagärlik-gurluşykda we durmuşyň beýleki ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Ýurdumyzyň parahat söýjilikli, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da ýokary göterilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiziň ýolbaşçylygy bilen uly işler alnyp barylýar. Köpsanly mermer binalaryň gurulmagy binagärlik-gurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy bilen bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatarynyň gurulmagy Hormatly Prezidentimiziň  “Döwlet-adam üçindir” diýen şygarynyň ýerine düşýandigini alamatlandyrýar. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzyň Aşgabat ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Şondan bäri hem gözel paýtagtymyzyň mermer keşbi has hem gözelleşýär. Şol günden bäri bolsa 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni diýilip bellenilýär.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklaryndan Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda “Gülleýär Watanym-jan Türkmenistan” atly sergi gurnaldy. Bu sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ý.Adamowa, A.Hajyýew, belli suratkeşler S.Hojagulyýewa, I.W.Pawlowskaýa ýaly ussatlaryň ajaýyp eserleri uly öwüşgin berýär. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri S.Meredowyň “Altyn güýz”atly eseri Aşgabadyň beýik binalarynyň gurluşygynyň giň depginde alnyp barylýandygyny, owadan altyn öwsüp duran baglaryň ajaýyp keşbi kendiriň ýüzünde ýagty reňkler bilen janlandyrylan bolsa, K.Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy” atly eserinde türkmen halkynyň uly dabara, şatlyk-şowhun bilen toý toýlap duran pursady uly gowrümli eserde şekillendirilip görkezilendir. Şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    12.04.2021                    

Halypa suratkeşler bilen “Garaşsyzlygymyzyň waspy şekillendiriş sungatynda” atly döredijilik duşuşyk

               

                             


                    12.04.2021                    

Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetinde guralan göçme sergi

               

                             


                    08.04.2021                    

Çagalaryň döredijiligi

               

                             


                    05.04.2021                    

Baş baýlygym - saglygym