Baş baýlygym - saglygym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak isleýän adamlar üçin giň mümkünçilikler döredilen ýurdumyzda Bütündünýä saglygk gününiň baýramçylygy giňden  bellenilýär. Bu baýramçylyk planetanyň ilatynyň saglygy bilen bagly iň möhüm meselelere bagyşlanyp, dürli şygarlar astynda ençeme ýyllardan bäri geçirilýär.  „Il saglygy-ýurt baýlygy“ diýen şygarly Watanymyzda geçirilýän bu çäräniň hormatyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň  muzeý gaznasyndaky eserlerinden  “Baş baýlygym saglygym” atly sergi guraldy.

Sergide Babikow Genadiniň “Welosipetçiler”, Ýaranow Suwlynyň “Parfiýanyň ýaşlygy”,  Bekdurdyýew Jumadurdynyň “Aşyk oýny”, Dowodow Nyýazmyradyň “Şepagat uýasy”, Almämmedow Annadurdynyň “Irki bahar”, Gulow Çarymyradyň “Garagumda”, Annanurow Ýakubyň “Enelik”, “Sagalýan”, Bekdurdyýew Jumadurdynyň “Ajaýyp gün”,  Mirgalimow Kamiliň, “Şadyýan gün”, Kiselýowa Tamaranyň “Sambo boýunça dünýä çempiýony. Geldiýewa Jennediň portreti”,  atly nakgaş eserleri ýerleşdirildi. Eserlerdäki görnüşler esasanam sagdynlygyň, berk bedenliligiň, adam erkiniň, güýç çeşmesiniň esasyny düzüp, tomaşaçylary özüne çekýär.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri G.Babikowyň “Welosipedçiler” atly eserinde Köpetdagyň güýzki durky görkezilipdir. Tebigaty üns bilen öwrenýän her bir peýzažyň  taslama hem reňk aýratynlygyny ündeýän nakgaş tebigatyň görnüşini gös-göni göçürmän, iň görmegeý parçalaryny nygtaýar. Ol göze ilmeýän zatlaryň, görnüşleriň, owadanlygyny, täsinligini tomaşaça açyp görkezýär. 

J.Bekdurdyýew sergide ýerleşdirilen „Ajaýyp gün“ atly eserinde  dynç alşyň özenini düzüpdir. Arassa howa, ýaşyl baglar, mahmal düşelen ýaly ýumşak otlaryň ýerliginde suratkeş adam saglygy üçin peýdaly, jana şypaly pursatlary  kemala getiripdir.

Bulardan başga-da, serginiň ekspozisiýasynda Artur Abramowyň, Mommy Seýitmyradowyň, Baýram Esengeldiýewiň, heýkel eserleri-de ýerleşdirildi. 

Bütin türkmen halkyny, hormatly Prezidentimizi Bütündünýä saglyk güni mynasybetli baýramçylyk bilen gutlaýarys! Janyňyz sag, ruhuňyz belent bolsun!

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    12.04.2021                    

Halypa suratkeşler bilen “Garaşsyzlygymyzyň waspy şekillendiriş sungatynda” atly döredijilik duşuşyk

               

                             


                    12.04.2021                    

Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetinde guralan göçme sergi

               

                             


                    08.04.2021                    

Çagalaryň döredijiligi

               

                             


                    05.04.2021                    

Baş baýlygym - saglygym