«Aşgabat – gülleýişiň şäheri»

«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. 

Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridir. Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy merkezi bolup durýar. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, şeýle hem döwletimiziň bilim we medeni merkezidir.

Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak «Aşgabat siti» şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalar şäheriň görküne has-da görk goşar. Täze desgalarda ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejesiniň öz beýanyny tapar.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Aýratyn-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi  meýilleşdirilýän binalaryň gurluşyklarynda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine eýe bolmagy möhüm talap bolup durýar. Şeýle hem 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak bilen bagly  işleri ilata, aýratyn-da ýaş nesillere yzygiderli ýetirilmelidir we düşündirilmelidir.  

Şu ýyl Ýurdumyzyň paýtagty bolan gözel Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenýän günlerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky  şekillendiriş sungaty muzeýinde Ýurdumyzyň suratkeşleriniň paýtagtymyzyň gözelligini wasp edýän «Aşgabat – gülleýişiň şäheri» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň eserleri we çeper-taslama işleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň işleri görkezildi. 

Sergide görkezilýän işleriň mazmuny milli öwüşgine, täze taryhy eýýamyň ýokary döredijilik ruhuna ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň agzybir halkyny mähriban Watanymyzyň ösüşiniň bähbidine täze belentliklere ruhlandyrýar. Halypa we ýaş suratkeşleriň eserlerinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň täze binalary, gurluşyk desgalarynda işleriň gidişini görkezýän, medeni we durmuş maksatly binalar, seýilgähler, medeni ojaklar, şol ýerlerde dynç alýan şadyýan raýatlar we çagalaryň keşplerini görkezýän sungat eserleri hem-de öz köklerini gadymyýetden alyp şu günki günlerde sünnälenip kämilleşen amaly-haşam sungatynyň täsin el işleri öz beýanyny tapýar.

Şeýle hem Ýurdumyzyň suratkeşleriniň Aşgabat şäherinde guralýan binalara we binalaryň bezeg işlerine öz taslama we bezeg işleri bilen gatnaşmaklary has-da buýsandyryjydyr.    

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir. Köpsanly pidalara hem-de weýrançylyklara getiren 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soňra şäherimiz düýbünden täzeden dikeldildi. Soňky ýyllarda Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär,

Gözel Aşgabadymyza, onuň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine kanuny esasda    buýsanýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Aşgabady   ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň,      paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalary 11 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

          Şular ýaly ajaýyp döredijilik sergileri geçirmäge we türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegi üçin uly işler alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    28.05.2021                    

“Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döredijilik duşuşygy”

               

                             


                    26.05.2021                    

„Kak daragyň batly ýaňlansyn sesi“

               

                             


                    26.05.2021                    

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda guralan göçme sergi

               

                             


                    17.05.2021                    

«Aşgabat – gülleýişiň şäheri»