“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda guralan göçme sergi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk  baýramynyň, eziz  Diýarymyzyň paýtagty ak şäherimiz Aşgabadymyzyň 140 ýyllygynyň toý dabarasynyň “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarly ýylymyzda utgaşyp gelmegi ýurdumyzda şanly wakalaryň ajaýyp sazlaşygydyr. 

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ähli türkmen halkyny bagtyýar eden gününden bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyz medeni we sosial, ykdysady taýdan ösüşleriň şaýoly bilen belent sepgitlere ýetdi. 30 ýylyň içinde Diýarymyz gül-gülüstanlyga öwrüldi. Bu gün Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri  Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly baýramçylygyna sowgatly gelýän halkymyza buýsanç bagtyny peşgeş berýär.

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň şanyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky  şekillendiriş   sungaty muzeýiniň işgärleri hem uly ruhubelentlik bilen muzeý gaznasyndaky halypa suratkeşleriň eserlerinden wagtlaýyn we göçme sergiler gurnap, Garaşsyzlyk döwründe edilen işler we ýetilen sepgitler barada wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilýän şu günki göçme serginiň hem Garaşsyz Türkmenistanda milli, sungaty yzygiderli ösdürmek, ýaş nesillere ruhy taýdan terbiýe berlişiniň derejesini ýokarlandyrmak, milletiň ruhy baýlygyny artdyrmak, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk  zamanasynda Türkmenistanyň ösüş ýoluny, ykdysadyýetde ýeten sepgitlerini, türkmen halkynyň baý medeni taryhy gymmatlyklaryny has giňden açyp görkezmek we wagyz etmek  esasy maksady bolup durýar.

Baýramçylyk sergide Garaşsyz Diýarymyzdaky tanymal suratkeşleriň   berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspyny ýetirýän ajaýyp eserlerini synlanyňyzda, nakgaş eserlerini synlanyňyzda, Watanmyzda çekilýän joşgunly zähmediň, tutulýan toýlaryň ajaýyp  mukamyny diňläp bilersiňiz.  Sebäbi, bu eserler gözel diýarymyzyň umumy ösüşleri baradaky mukam bolup ýaňlanýar

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    28.05.2021                    

“Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döredijilik duşuşygy”

               

                             


                    26.05.2021                    

„Kak daragyň batly ýaňlansyn sesi“

               

                             


                    26.05.2021                    

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda guralan göçme sergi

               

                             


                    17.05.2021                    

«Aşgabat – gülleýişiň şäheri»