„Kak daragyň batly ýaňlansyn sesi“

Gözbaşyny  asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halysy gözelligi, reňkleriň  tebigylygy bilen dünýä halklarynyň öňünde türkmeniň milli buýsanjy, guwanjy bolup örboýuna galdy. Garaşsyzlygyň gazanylmagy bilen bu sungat has-da ösdürilip, onuň täze-täze görnüşleri, nagyşlary döredildi. Bu inçe sungatyň ösdürilmegi üçin döwlet tarapyndan ähli çäreler görülýär. Gelin-gyzlaryň gaýtalap bolmajak nepis sungatynyň hormatyna döwlet möçberinde haly baýramçylygy geçirilýär. Häzirki wagytda türkmeniň nepis halylary özüniň ajaýyp gözelligi bilen ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar.

Her ýylyň Maý aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýän haly baýramçylygy şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýyly bolan “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarly ýylynda uly dabaralara beslenip geldi. Bu dabaraly baýramçylygyň şanyna Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky amaly-haşam eserlerinden baýramçylyk sergisi guralyp tomaşaçylara hödürlendi. Ata-babalarymyzdan galan özboluşly medeni-mirasymyzyň – türkmen haly önümleriniň genji-hazynasynyň ojagy bolan Şekillendiriş  sungaty muzeýimizdäki amaly-haşam sungaty türkmen halkynyň şöhratly geçmişini, şanly  şu gününi geljek nesillere ýetirýän şamçyragdyr. Olar muzeýiň ekspozisiýasynyň, göçme we wagtlaýyn sergileriň üsti bilen giň tomaşaçylar kopçüligine yzygiderli ýetirilýär. „Kak daragyň batly ýaňlansyn sesi“ atly geçirilýän sergide tanymal suratkeşler Aýhan Hajyýewiň “Türkmen gözelligini döredijiler”, Ýakup Annanurowyň ”Halyçy zenan”, Ýewgeniýa Adamowanyň “Jöwza Şahberdiýewa”, Aman Kulyýewiň “Durmuş ýyllary”, Annadurdy Almämmedowyň “Halyçylar”, Aman Amangeldiýewiň “Türkmen halyçylary”, Garataý Begjanowyň “Esengulynyň halyçylary” atly haly sungaty baradaky nakgaş eserleri, Jöwza Şahberdiýewanyň haly eskizleri, Kakamyrat Baýlyýew bilen Altyn Baýlyýewanyň gobelen eserleri we “Hüjre” gölli, “Guşly” gölli gadymy halylar bilen bilelikde peýzaž halylary ýerleşdirilip, onda gadymy haly sungatynyň kämilligi, şu günki ýeten belent derejesi barada söhbet açylýar. Sergide ýerleşdirilen eserler tema taýdan aýry-aýry bolsa-da, olaryň ählisiniň özeninde eziz Watanmyzyň  Garaşsyzlygy, gözellikleri, tebigaty, ýaşaýyş durmuşy, bagtyýarlygy baradaky pikirler jemlenendir. Munuň şeýledigine sergi bölümine gireniňde ýagty reňkler bilen baýramçylyk äheňinde döredilen eserleriň ajaýyp sazlaşygy aýdyň mysal bolup durýar.

 Ähli türkmen halkyny, Hormatly Prezidentimizi türkmeniň beýik senediniň  baýramy bilen gutlaýarys! Janyňyz sag, işiňiz ileri bolsun!

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    28.05.2021                    

“Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döredijilik duşuşygy”

               

                             


                    26.05.2021                    

„Kak daragyň batly ýaňlansyn sesi“

               

                             


                    26.05.2021                    

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda guralan göçme sergi

               

                             


                    17.05.2021                    

«Aşgabat – gülleýişiň şäheri»