Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän “Amaly-haşam sungaty” eserleriniň sergisi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň taryhyny, dünýä gymmatlyklarynyň genji hazynasyna öwrülen maddy ruhy mirasyny öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak muzeý ojaklarynyň mukaddes borjy bolup durýar.

         Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu ugurdan medeni çäreler, sergiler yzygiderli grçirilip,  türkmen taryhy sungat ussatlarynyň döredijilikleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygynyň toý dabarasyna taýýarlyk görülýän şu günki günlerde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde medeniýet we sungat işgärleriniň ýene-de bir medeni çäresi bolan “Amaly-haşam sungaty eserleriniň” sergisi açyldy. Öňki sergilerden tapawutlylykda  bolup,  kop adamly bolan bu sergide  türkmeniň milli amaly-haşam sungaty eserleriniň häzirki zaman nusgalary görkezildi. Suratkeşler Möjek Çaryýewiň, Nataliýa Kaluginanyň, Aýa Serhenowanyň, Gülara Babaýewanyň nakgaş, keramika, milli äheňde ýerine ýetirilen şaý-sepleri, Dmitriý Flipçenkonyň  mahmalyň ýüzüne çekilen suratlary, Almagül Garlyýewanyň toý dabarasynda ulanylýan esbaplaryň milli äheňde nagyşlanmagy bilen bilelikde öý bezeg esbaplarynyň, kädileriň, zenan şaý-sepleriniň milli ähde ýerine ýetirilen işleri görkezildi. El işiniň ussatlary Ajap Baýryýewanyň alajadan ýasalan önümleri, Annabagt Täçmyradowanyň milli äheňde dokan gurjaklary, Bahar Muhammedowanyň elde ýasan çyradanlary, Mariýa Filipçenkonyň, Irina Dorofeýewanyň, Gennadiý Osipowyň monjukly torbajyklary, gaşly we Türkmenistanyň tebigi daşlaryndan ýasalan şaý-sepleri, haşamlanan agaç gutujyklar, güldanlar ýerine ýetiriliş ussatlygy bilen sungatyň täze öwüşgünleri bolup tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.     

Üç günläp dowam edýän serginiň geçişinde awtorlar öz ýerine ýetiren işleri barada ussatlyk sapagyny geçerler.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    28.07.2021                    

Türkmen suratkeşleri Jumadurdy Bekdurdyýewiň we Robert Häkimowyň 80 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergi

               

                             


                    14.07.2021                    

“Sungat joşýar Arkadagyň ýurdunda” atly döredijilik duşuşygy we sergi

               

                             


                    09.07.2021                    

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän “Amaly-haşam sungaty” eserleriniň sergisi

               

                             


                    06.07.2021                    

Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde gurnalan göçme sergi