«Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar» atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty

    2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň muzeý işgärleriniň arasynda «Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahat onlaýn görnüşinde geçirildi. Sanly ulgam arkaly ähli muzeýleriň hünärmenleri bir wagtda aragatnaşyga çykdylar. Maslahatyň dowamynda muzeý hünärmenleri ykdysady-medeni ösüşlerde muzeý işleriniň ösüşi we häzirki döwürde alnyp barylýan işler barada gyzykly söhbetler edildi. Esasy üns berlen temalaryň biri hem ýaňy ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň  konsultatiw duşuşygy we zenanlarynyň dialogy barada aýdyldy.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    20.10.2021                    

„Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulýeti“ atly onlaýn maslahaty.

               

                             


                    07.10.2021                    

„Ynsan saglygy gymmatly baýlyk“

               

                             


                    04.10.2021                    

Hatyra gününe bagyşlanyp geçirilýän „Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly sergi

               

                             


                    01.10.2021                    

Ýaşulular gününe bagyşlanyp geçirilýän “Mertebe mekdebi” atly baýramçylyk sergi