Hindistanyň medeniýetini we taryhy ýadygärliklerini beýan edýän foto sergisi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan doganlyk goňşy halklar bilen dostlukly medeni gatnaşyklary ýola goýdy. Dost-doganlyk gatnaşyklaryny dowam etdirýän türkmen halky sungatyň ojagy bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2021-nji ýylyň 27-nji awgustynda Hindistanyň medeniýetini we taryhy ýadygärliklerini beýan edýän fotosuratlaryň sergisi gurnaldy. Dostlukly gatnaşyklar Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň berkeýänliginiň nyşanydyr.

Sergi Türkmenistanyň Medeniýet ministliginiň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanyň ilçihanasynyň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda gurnaldy.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    20.10.2021                    

„Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulýeti“ atly onlaýn maslahaty.

               

                             


                    07.10.2021                    

„Ynsan saglygy gymmatly baýlyk“

               

                             


                    04.10.2021                    

Hatyra gününe bagyşlanyp geçirilýän „Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly sergi

               

                             


                    01.10.2021                    

Ýaşulular gününe bagyşlanyp geçirilýän “Mertebe mekdebi” atly baýramçylyk sergi