Ýaşulular gününe bagyşlanyp geçirilýän “Mertebe mekdebi” atly baýramçylyk sergi

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Ýaşulularyň halkara güni baýram edilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baýramlarynyň senenamasyna resmi ýagdaýda girizilip, ençeme ýyllardan bäri ýokary ruhubelentlikde dabaraly bellenilýän bu baýramçylygyň döreýiş taryhy mertebeli Prezidentimiziň parasady bilen berk baglanyşyklydyr. Özüniň esasy daýanjynyň halkdygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlarymyza, ýörüm-ýörelgelerimize çuňňur hormat goýýar. 

Ýaşulylaryň halkara gününiň  baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Mertebe mekdebi” atly sergi gurnaldy. Sergi Türkmenistanyň halypa suratkeşleriniň ýaşululara bagyşlanan eserlerinden düzüldi. Onda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň “Dutar hakda söhbet”, Aman Kulyýewiň “Güýz geldi”, Aýhan Hajyýewiň “Mollanepes”, Iwan Ilýiniň  “Magtymguly”, “Pile ýygymy”, Şamuhammet Akmuhammedowyň “Zeminiň hakydasy”, “Weteranlaryň maslahaty”, Gulnazar Bekmyradowyň “Akyldaryň portreti”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Nyýazmyrat Dowodowyň “B.Kerbabaýew ýaşulularyň arasynda”, Nikolaý Çerwýakowyň “Uruş weteranlary” atly nakgaş, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň “Aksakgal”, Baýrammyrat Esengeldiýewiň “Çopanyň portreti”,  ýaly ýaşulular baradaky heýkel eserleri ýerleşdirildi. Ol eserler ýurdumyzyň ussat suratkeşleriň  döredijiliginiň netijesinde kendire geçirilen ajaýyp sungata  öwrülip, türkmen taryhynyň  mukamy bolup ýaňlanýar. 

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    20.10.2021                    

„Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulýeti“ atly onlaýn maslahaty.

               

                             


                    07.10.2021                    

„Ynsan saglygy gymmatly baýlyk“

               

                             


                    04.10.2021                    

Hatyra gününe bagyşlanyp geçirilýän „Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly sergi

               

                             


                    01.10.2021                    

Ýaşulular gününe bagyşlanyp geçirilýän “Mertebe mekdebi” atly baýramçylyk sergi