Hatyra gününe bagyşlanyp geçirilýän „Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly sergi

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije Aşgabatda we onuň golaýyndaky obalarda bolan ýer titremede halkymyz örän köp ýitgileri başdan geçirdi. Bu aýylganç tebigy betbagtçylygyň ýürege salan yzasy henizem bitenok. Türkmenistan döwletimizde her ýylyň Oktýabr aýynyň 6-syna Hatyra güni bellenilýär.

          Halkymyzyň başyndan geçiren şol agyr gijesi biziň suratkeşlerimiziň  eserlerinde müdümilik kendire siňip galdy. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýarly Baýramowyň “Ajy habar”, Annamämmet Hojanyýazowyň “Betbagtçylyk”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň “Gökdepe metjidi” ýaly  durmuşyň pajygaly pursatlary barada gürrüň açýan eserleri bilen bilelikde Artyk Remezanowyň “Zyýarat”, Nikolaý Çerwýakowyň “Arakesme” Saparmämmet Meredowyň “Altyn güýz” atly eserlerinde suratkeşler dürli temalaryň üsti bilen şäheriň dikeldilşini, häzirki wagtdaky gülleýän durmuşymyzy hem görkezipdirler.  Şeýle-de, sergide Juma Jumasurdynyň “Betbagtlyk”, Annameret Taganowyň “Maşgala”, “Köne şäher”, “Habar”, “Güldan” atly heýkel eserleri-de ýerleşdirildi.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    20.10.2021                    

„Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulýeti“ atly onlaýn maslahaty.

               

                             


                    07.10.2021                    

„Ynsan saglygy gymmatly baýlyk“

               

                             


                    04.10.2021                    

Hatyra gününe bagyşlanyp geçirilýän „Şehitlere tagzym bolsun, bu güller“ atly sergi

               

                             


                    01.10.2021                    

Ýaşulular gününe bagyşlanyp geçirilýän “Mertebe mekdebi” atly baýramçylyk sergi