„Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulýeti“ atly onlaýn maslahaty.

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Garaşsyz hemişelik Bitarap diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde  muzeý işi barha kämilleşýär. Muzeý işiniň barha rowaçlanmagy üçin we hasda kämilleşmegi üçin uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň muzeýleri maddy we ruhy ýadygärlikleriň saklanýan ýeri bolup, şol ýadygärlikleri hasaba almak, gorap saklamak, öwrenmek we mahabatlandyrmak elbetde biz muzeý işgärleriniň esasy wezipesiniň biridir. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde „Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulýeti“ atly onlaýn maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi,  Watan mukaddesligi muzeýi,  Ahal, Mary, Lebap, Balkan we Daşoguz muzeýleriniň işgärleriniň arasynda wideoatagatnaşyk arkaly birek-birek bilen sorag-jogap we tejibe alyşyldy. Masalahatyň dowamynda  şekillendiriş sungatyna degişli gymmatlyklary toplamagyň we kabul etmegiň tertibi, hasaba almagyň ýöredilişi, gaznahanalarda gorap saklamagyň düzgünleri, ylmy taýdan öwrenmek, sergilerde ulanmak, bir görnüşli pasportlaryň doldurlyşy barada giňişleýin gürrüň edildi. Biziň muzeýimiz şekillendiriş sungatyna baý muzeý bolmak bilen, onda saklanýan eserleriň saklanyş aýratynlyklary, gorap saklamak şertleri we dikeldiş işleri barada aýratyn belläp geçildi. Häzirki döwürde muzeý gaznasynyň üsti muzeý gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylýar. Bu bolsa medeni mirasyň geljekgi nesillere ýetirmekde ähmiýeti uludyr.   

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    03.12.2021                    

“Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap” atly bäsleşigiň jemi

               

                             


                    03.12.2021                    

“Äleme dolan türkmen keşdesi” atly göçme sergi

               

                             


                    30.11.2021                    

“Parahatçylygyň medeniýeti” atly halkara webinar

               

                             


                    29.11.2021                    

Parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy atly maslahaty