“Arkadagly asuda Diýar” atly maslahat

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Milli  Liderimiziň  “Ýaşasyn  parahat  durmuş!”  atly  goşgusynyň  çap  edilmegi  mynasybetli  “Arkadagly asuda Diýar” atly maslahat geçirildi. Maslahata medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler we mugallymlar gatnaşdylar.

Türkmen halky dünýä halklary bilen bilelikde 12-nji  dekabrda Halkara Bitaraplyk  gününi uly  baýram hökmüde belläp  geçdi. Baýramçylyk  senenamasyna girizilen  Halkara Bitaraplyk  güni halkymyzyň dünýä gymmatlyklarynyň hataryna beýik goşandydyr. Bu taryhy goşant çuňňur mazmuna eýe bolup, Bitaraplyk adamzat üçin görkezilýän täze bir taryhy ýol  dur. Onuň aňyrsynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň belent taryhy şahsyýeti durýar.  Dünýäde ykrar edilen  Lider hökmünde hormatly  Prezidentimiz  Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul  edişliginde sözlän sözünde söz sungatyna aýratyn orun  berip, türkmeniň taryhy şahsyýetleriniň, söz ussatlarynyň bitiren  hyzmatlaryna  uly baha  berdi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde hormatly Prezidentimiziň täze döreden şygryny okap  bermegi halkymyz üçin  uly  serpaýdyr,  şol  bir  wagtda-da  şahyrana sözüň nepislikleri, çuňluklary barada mundan beýläk hem  düýpli  oýlanmak üçin  edebiýatçylara itergidir. Bu dürdäne eser öz mazmun we şekil täsinlikleri babatda türkmen şygryýetiniň soňky  ýüz ýyllyklardaky ösüşi hem-de täze belentliklere göterilişi barada oýlandyrýar. Eseriň mazmunyndaky esasy zat  türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesinden gelýän içki ruhy energiýa, türkmen kalbyndan çogup çykýan ruhy hümmet gorudyr.

Baky Bitaraplygymyzyň şahyrana köňle  berýän ylhamy bilen döredilen bu ajaýyp eser ýöne bir şygyr bolman, eýsem, ol adamzat ykbalyna täsir etjek sözdür.

Hormatly Prezidentimize ähli döredijilikli işinde täze-täze belentlikleri arzuw edýäris. Goý,  Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri mydama rowaç bolsun!

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    16.05.2022                    

„Mukaddes tugum“

               

                             


                    16.05.2022                    

Muzeýimizde geçirilen maslahat

               

                             


                    13.05.2022                    

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ekologiýa abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy” atly maslahatda gurnalan sergi

               

                             


                    13.05.2022                    

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Serhet institutynda gurnalan göçme sergi