Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynda «Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan, Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!» atly maslahatda gurnalan sergi

Her bir täze ýylyň gelmegi bilen, halkymyzyň ajaýyp, hoşniýetli, ýagty arzuwlary wysal bolýar. Häzir ýurdumyzda agzybir we jebis halkymyz asuda ýaşaýşyň, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Ýurdumyz Täze ýyl baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen geldi. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly hereketini aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar.
Adamlaryň,  şol  sanda tutuş Türkmenistanyň hem durmuşynda Täze ýyl baýramy aýratyn sene hasaplanylýar. Çünki bu sene bilen halkyň durmuşynda hem, ýurduň durmuşynda hem täze taryh başlanýar. 
Durmuşa geçirilen ägirt uly işler we özgerişlikler türkmen döwletiniň buýsançly ösüş ýolunyň dabaralanmasydyr. Bu rowaçlyklaryň gözbaşy milli Liderimiziň il­ýurt bähbitli beýik işleriniň oňyn netijesidir, halkymyzyň  zähmetsöýerligidir,  ruhubelentligidir, agzybirligidir.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen gelen täze ýylyň beýik ösüşleriň we abadançylygyň ýyly boljakdygyna tutuş halk tüýs ýürekden ynanýar. Çünki ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler diňe halkyň bähbidi üçindir. 
Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň gülläp ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda geçirilýän işler öz ajaýyp miwelerini hem berýär.
Täze 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji gününde Jemgyýetçilik guramasynyň edara binasynda geçirilýän
«Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!»
atly maslahatynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň eserlerinden sergi gurnaldy. Serginiň mazmuny Watanymyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň ýurt ähmiýetli, halk bähbitli alyp barýan işleriniň waspyny ýetirýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen. 

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    16.05.2022                    

„Mukaddes tugum“

               

                             


                    16.05.2022                    

Muzeýimizde geçirilen maslahat

               

                             


                    13.05.2022                    

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ekologiýa abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy” atly maslahatda gurnalan sergi

               

                             


                    13.05.2022                    

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Serhet institutynda gurnalan göçme sergi