Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçirilýän “Gerçekleri sarpalap” atly sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, „Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Ýeňiş gününiň şanyna, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň eserlerinden “Gerçekleri sarpalap” atly sergi gurnaldy. Onda Türkmenistanyň halk suratkeşleri, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Yzzat Gylyjowyň „Uzakdaky serhet galasy“, „Seýitnyýaz Ataýewiň portreti“, Ýakup Annanurowyň „Serhetçiniň maşgalasy“, Ýarly Baýramowyň „Ýeňiş“, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Saparmämmet Meredowyň „Habar“, Suwly Ýaranowyň „Gulluk rugsady“, Nyýazmyrat Dowodowyň „Esgerler bilen duşuşykdan soň“, Nikolaý Çerwýakowyň „Dynç alyş“, „Uruş weteranlary“, Wladimir Pawloskiniň „Parahat zeminde“, suratkeşler Annasapar Annamämmedowyň „Türkmenler frontda“, Çary Öwwäýewiň „Hiç kim unudylanok - hiç zat unudylmaz“ atly  beýik ýeňşe bagyşlap döreden eserleri ýerleşdirildi. Ýeňiş gününiň  dabarasy  suratkeşleriň kalp duýgusyna, ýürek buýsanjyna eýlenip, uly buýsanç bilen eserlerde şöhlelenýär. Beýik ýeňşiň gazanylmagyna öz goşantlaryny goşan, döşleri orden-medallardan doly ýaşulularyň portretlerinden  başlap, ähli zadyň front üçin, ýeňiş üçin  berlendigi, ýeňşiň buşluk habary, gaýdyp gelmek, esgerler bilen duşuşyk ýeňşiň reňkleri bilen wasp edilen eserleriň ählisi synlan her bir adamda urşuň pajygaly duýgularyny bir pursatlyk başdan geçirýär. Ata Watanymyzyň garaşsyzlygy, azatlygy ugrunda şirin janyny  gurban eden türkmen esgerleriň edermenligi baradaky hakykady eserleriň ýüzünde beýan edip, suratkeşler nesilleriň hakydasynda müdimi gahrymanlary ýatlama duýgusyny oýarmagy başarypdyrlar.

Bulardan başga-da, sergide ýerleşdirilen Aleksandr Şetininiň „Ýeňiji“, „Ýeňişiň ady bilen“, Welmyrat Jumaýewiň „Ýeňijiler“, Artyknazar Meredowyň „Ene“, Maral Ataýewanyň „Baky şöhrat“, Annameret Taganowyň „Maşgala“, „Gyzyl gül dessesi“, „Köne gala“, „Gül“ ýaly heýkel we keramika  eserlerinde hem ýeňiş baýramçylygynyň  ruhy joşýar.

Ähli türkmen halkyny, Hormatly Prezidentimizi, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny beýik ýeňşiň şanly baýramy bilen gyzgyn gutlaýarys! Janyňyz sag, ýurdumyz hemişe parahat bolsun!  

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    16.05.2022                    

„Mukaddes tugum“

               

                             


                    16.05.2022                    

Muzeýimizde geçirilen maslahat

               

                             


                    13.05.2022                    

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ekologiýa abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy” atly maslahatda gurnalan sergi

               

                             


                    13.05.2022                    

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Serhet institutynda gurnalan göçme sergi