Türkmen döwlet maliýe institutynda gurnalan göçme sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik rowaçlyklara beslenýän türkmen medeniýeti halkyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda öz milliligi, ata-babalardan gelýän däp-dessurlary, el işleri, döredijiligi sungaty bilen nesilleriň aýdyň ýörelgesi boldy. Milli däp-dessurlarymyz, el hünärlerimiz nesillerden-nesillere geçip, barha kämilleşmek bilen sungat eserleri hökmünde dünýä ýaýraýar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde bu ugurdan dürli baýramçylyklar, sergiler, medeni çäreler yzygiderli geçirilip,  türkmen medeniýeti, taryhy sungat ussatlarynyň döredijilikleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. 

“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda geçirilýän şeýle çäreler eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilýänliginiň  beýanydyr.

Medeni çäreler, sergiler  diňe bir Şekillendiriş sungaty muzeýiniň özünde  geçirilmän, Diýarymyzyň ösüşleri, üstünlikleri, taryhymyz we gündelik ýaşaýyş-durmuşymyz muzeý gaznasyndaky sungat eserleriniň üsti bilen,  göçme sergilerde halk köpçüligine ýetirilýär. Türkmen döwlet  maliýe institutynda geçirilen „El hünäri–il gezer“ atly göçme sergi hem Türkmen taryhyny, milliligini, ajaýyp tebigatyny kendire geçirip, taryhda galdyrmakda uly işler bitiren nakgaşlaryň muzeý gaznasyndaky eserlerinden düzüldi. Sergi türkmen milliligine bagyşlanyp, onda çeper elli türkmen gelin-gyzlarynyň döredijilinden söz açylýar.

 Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýakup Annanurowyň „Ussat zenan“, Ýewgeniýa Adamowanyň „Işden soň“, Aýhan Hajyýewiň „Gülsoltan“, suratkeş Hezret Rejepowyň „Pagtaçylar“ atly nakgaş eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň döredijiligi, zähmet ýoly kendirdäki reňkleriň üsti bilen beýan edilýär. Türkmen milliligini  nesillerden-nesillere geçirip, sungat derejesine ýetiren ene-mamalaryň el işleri asyrlardan-asyrlara dowamat-dowam bolsun.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    16.05.2022                    

„Mukaddes tugum“

               

                             


                    16.05.2022                    

Muzeýimizde geçirilen maslahat

               

                             


                    13.05.2022                    

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ekologiýa abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy” atly maslahatda gurnalan sergi

               

                             


                    13.05.2022                    

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Serhet institutynda gurnalan göçme sergi