„Mukaddes tugum“

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, „Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň hem-de Konstitusiýasynyň güni  şanly baýramçylyklaryň biri hökmünde dabaraly bellenilip geçilýär. Ynsanperwerlige ýugrulan Konstitusiýamyz, Garaşsyz döwletiň nyşany bolan   Baýdagymyz özüniň milliligi bilen her bir raýatyň kalbynda ruhubelentlik duýgularyny oýarýar. Halkyň mertebe tugy, döwlet berkararlygynyň  mukaddeslik nyşany, türkmeniň beýik buýsanjy bolup pasyrdaýan Baýdagymyzyň,

ynsanperwerlik, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Konstitusiýamyzyň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde “Mukaddes tugum“ atly sergi gurnalyp tomaşaçylara hödürlendi.

Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň “Toý wagty“, “Dutar hakda söhbet“, “Eneler–Watana“, A.Hajyýew “Magtymgulynyň portreti“, Ýarly Baýramowyň “Gadymy Nusaý topragynda baýramçylyk“, Öwez Mämmetnurowyň “Meýdan gülleri“, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri  Saparmämmet Meredowyň “Magtymguly“, “Türkmen ýaýlasynyň owazy“, Ata Akyýewiň “Türkmenler hakynda aýdym“, suratkeşler Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Bu gün toý“, Walentin Kudrýaşowyň „Parfiýa ýaýlasy“, Merdan Kakabaýewiň „Ýedigen“ eserleri, Türkmenistanyň halk suratkeşi Solmaz Muhammedowanyň, Annameret Taganowyň keramika eserleri  ýerleşdirildi.

Ýurdumyzyň taryhyndan nyşan bolan gadymy galalar, türkmen  tebigatynýň gözellikleri, bagşy-sazandalar, toý-dabaralardan pursatlar, parahat asmanymyzda asuda pasyrdaýan türkmen Baýdagy baradaky  eserleri synlanyňda parahatçylygyň tarapdary bolan, Garaşsyz, Baky Bitarap ýurdumyzyň ynsanperwer Konstitusiýasynyň,  mukaddes Baýdagynyň  saýasyndaky parahat ýaşaýyş baradaky buýsançly duýgular kalbyňa dolýar.

Döwletiň bitewiligi bolan Konstitusiýamyz we mertebe tugy bolan Döwlet Baýdagymyz baky ýaşasyn!

                           Ýerine ýetiren                      D.Kulyýewa. 

Internet üçin

 “Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda halkymyzyň ynsanperwerlik, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Konstitusiýamyzyň we Döwlet Baýdagymyzyň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde “Mukaddes tugum“ atly sergi gurnalyp tomaşaçylara hödürlendi.

Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň “Toý wagty“, “Dutar hakda söhbet“, “Eneler–Watana“, A.Hajyýew “Magtymgulynyň portreti“, Ýarly Baýramowyň “Gadymy Nusaý topragynda baýramçylyk“, Öwez Mämmetnurowyň “Meýdan gülleri“, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri  Saparmämmet Meredowyň “Magtymguly“, “Türkmen ýaýlasynyň owazy“, Ata Akyýewiň “Türkmenler hakynda aýdym“, suratkeşler Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Bu gün toý“, Walentin Kudrýaşowyň „Parfiýa ýaýlasy“, Merdan Kakabaýewiň „Ýedigen“ eserleri, Türkmenistanyň halk suratkeşi Solmaz Muhammedowanyň, Annameret Taganowyň keramika eserleri  ýerleşdirildi.

Ýurdumyzyň taryhyndan nyşan bolan gadymy galalar, türkmen  tebigatynýň gözellikleri, bagşy-sazandalar, toý-dabaralardan pursatlar, parahat asmanymyzda asuda pasyrdaýan türkmen Baýdagy baradaky  eserleri synlanyňda parahatçylygyň tarapdary bolan, Garaşsyz, Baky Bitarap ýurdumyzyň ynsanperwer Konstitusiýasynyň,  mukaddes Baýdagynyň  saýasyndaky parahat ýaşaýyş baradaky buýsançly duýgular kalbyňa dolýar.

Döwletiň bitewiligi bolan Konstitusiýamyz we mertebe tugy bolan Döwlet Baýdagymyz baky ýaşasyn!

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER

                    23.06.2022                    

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi

                    23.06.2022                    

Medeniýet hepdeligi — 2022: döwrüň ylham joşguny

                    20.06.2022                    

«Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň»

                    16.06.2022                    

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi