«Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Türkmenistan diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen okamaga, medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikler bar. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, hormatly il ýaşulysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Saragt Babaýew «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi» atly döredijilik sergisi gurnaldy.

Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Döredijiligiň ähli ugurlarynda halypa-şägirdiň mertebesi belentdir. Türkmen halkynyň halypa-şägirtlik mekdebiniň ýörelgelerine görä, bilesigeliji, öwrenmäge höwesli, yhlasly we janypkeş şägirt kämillige ýetende, halypasy tarapyndan ak ýola salnypdyr. Türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip gelen halypa-şägirtlik ýoly döwürleriň keşbini şöhlelendirýän döredijilik, sungat, aýdym-saz eserleri arkaly döwlet syýasatynyň esasy ugruny kesgitlemekde, ýurduň intelligensiýasynyň şol syýasatdaky ornuny we hyzmatyny anyklamakda uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Saragt Babaýewiň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi halypalyk derejesine ýeten ussatlardyr. Türkmenistanyň halk suratkeşi, halypa Saragt Babaýewiň ýerine ýetiren eserlerine ser salanyňda, onuň zehinine, başarnygyna haýran galýarsyň. Ol granitden, agaçdan, bürünçden, mermerden ýagty keşpleri dörediji monumental hem-de stanok heýkeltaraşydyr. Saragt Babaýew dürli žanrlarda işleýär. Halypa suratkeş häzirki döwürde ýurdumyzyň monumental ýadygärlikleriniň döredilmegine gatnaşyp, zehinli heýkeltaraşlaryň ýaş neslini terbiýeleýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminde, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň mugallymçylyk kärinde ençeme şägirtleri ýetişdirip heýkeltaraşlygyň inçe syrlaryny öwretdi we ussat heýkeltaraşlary, nakgaşlary, keramikaçylary ýetişdirdi.

Ynha bu gün bolsa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň giň ekspozisiýasynda halypanyň ýetişdiren şägirtleriniň köp böleginiň eserleriniň sergilenmegi halypa-şägirtlik ýolunda ýetilen beýik sepgitleriň beýanydyr. Sergide  Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Saragt Babaýewiň ýetişdiren şägirtleriniň 70-e golaýy 250-den gowrak nakgaş, keramika, heýkel, gobelen sungatynyň eserlerini halk köpçüligine hödürlediler.

Türkmen sungaty äleminde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Gaýrat”, “Magtymguly Pyragy”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” medallary, “Galkynyş” ordeni, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy bilen sylaglandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry”, “Türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli üçin” bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň halk suratkeşi diýen hormatly ada eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyz ussat halypamyzyň 70 ýaş toýunynyň şanyna ýurdumyzyň çeperçilik sungatyna goşan uly goşandyny nazara alyp, Saragt Babaýewe “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy” diýen hormatly at bilen serpaýlady.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    23.06.2022                    

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi

               

                             


                    23.06.2022                    

Medeniýet hepdeligi — 2022: döwrüň ylham joşguny

               

                             


                    20.06.2022                    

«Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň»

               

                             


                    16.06.2022                    

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi