Tegelek stolyň başynda döredijilik söhbetdeşligi

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow, şahyr Gülşirin Hanowa, muzeý muzeý hünärmeni Käkilik Öwezberdiýewa, sungat öwreniji Myrat Hojanow dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen birlikde, medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler, medeni ulgamyň kämilleşdirilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, watandaşlarymyzy belent maksatly işlere galkyndyrmaga, ýaş nesilleriň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmaga berilýän uly ýardamlar dogrusynda söhbetler edildi.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    23.06.2022                    

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi

               

                             


                    23.06.2022                    

Medeniýet hepdeligi — 2022: döwrüň ylham joşguny

               

                             


                    20.06.2022                    

«Bäş müň ýyllyk taryhy bar halkymyň»

               

                             


                    16.06.2022                    

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi