Medeniýet hepdeligi — 2022: döwrüň ylham joşguny

Ylmyň, edebiýatyň hem-de sungatyň gadymy merkezleriniň biri bolan Mary topragynda hormatly Prezidentimiziň Gutlagy bilen açylan, indi onunjy gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi döwrüň ruhy joşgunyna beslendi. Onuň ilkinji gününde guralan medeni sergi, halkara mediaforum, şygryýet agşamy, wäşileriň çykyşlary, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti... biri-biriniň üstüni ýetirip, türkmen ruhunyň älemgoşary ýaly, milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligini aýdyň görkezdi. «Bat badalgadan başlanýar» diýlişi ýaly, halkyň kalbyna deňelýän medeniýete bagyşlanan giň gerimli hepdeligiň ilkinji gününiň ruhubelentligi onuň tutuş dowamynyň hem ruhy joşguna beslenjekdiginden nyşandyr.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    29.07.2022                    

“El hünäri il gezer” atly duşuşyk

               

                             


                    26-28.07.2022                    

Medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça sebitleýin onlaýn okuwy (treningi)

               

                             


                    14.07.2022                    

„Milli mirasymyz egsilmez baýlygymyz“ atly duşuşygynyň çäklerinde göçme sergi

               

                             


                    08.07.2022                    

«Men suşini gowy görýärin» atly sergi