„Bilim ösüşleriň binýady“

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, toý-baýramlara baý ýurdumyzda Diýarymyzyň ýaş nesilleriniň baýramçylygy bolan Bilimler we talyp ýaşlar güni her ýylda dabaraly bellenilip geçilýär.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen, sport toplumlary we meýdançalary, okuw gurnaklary hem-de beýleki amatlyklary bolan mekdepler, çagalar baglary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze, häzirki zaman ýokary we orta okuw binalary ýaşlara gujak açyp garaşýar. Bilimler gününiň we döwletimiziň mundan beýläk ösüş ýolunyň geljegi bolan talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde „Bilim ösüşleriň binýady“ ady bilen tanymal suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň muzeý gaznahanalaryndaky eserlerinden sergi gurnaldy.

„Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda halypa suratkeşlerimiziň eserlerinden döredilen bu sergide mekdep ýaşly çagalaryň, talyp ýaşlaryň, ussat mugallymlaryň keşpleri uly orun eýeleýär. Her bir esere syn edeniňde suratkeş öz gahrymanynyň ýüzünde bilim ojagyna gadam basan ýaşlaryň şatlygyny, durmuşa okgunlylygyny, halypa mugallymlaryň agras keşplerini ussatlyk bilen janlandyrypdyr.

Türkmenistanyň haypa suratkeşleri Ýe.Adamowanyň “Birinji sentýabr”, P.Ý.Tutinasowyň “Ertir mekdebe”, Ýa.Annanurowyň “Mugallyma”, A.Hajyýewiň “Ilkinji mugallym”, Y.Gylyjowyň “Kitap bazary”, M.Daneşwaryň “Talyp”, S.Meredowyň “Ýekşenbe”, B.Gurbangeldiýewiň “Likbez”, A.Remezanowyň “Ilkinji mugallym Muhammetguly Atabaýew”, J.Bekdurdyýewiň “Küýzeli we kitaply natýurmort” atly eserlerde suratkeşler dürli usullarda we dürli žanrlarda ýerine ýetirenem bolsalar, olaryň ählisinde ylma-bilime berilýän üns beýan edilýär.

Türkmenistanyň halk suratkeşi A.Hajyýewiň ymgyr çölüň içi bilen üsti kitap ýükli düýäni iýdip barýan “Ilkinji mugallym” atly eseri bilen başlanýan bu sergide, ylmyň ösüp ýeten derejelerine degişli sungat eserleriň uly toplumyna tomaşaçylar syn edip bilerler. Sergilenen işleriň arasynda türkmeniň akyldar şahyry Azadydan başlap, häzirki zamanyň ylym ussatlarynyň, Türkmenistanyň at gazanan mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçy ýaşlaryň hem kendire geçirilen keşplerini, heýkeltaraşlar J.Jumadurdyýewiň “Parahatçylyk-zähmet-bilim”, B.Annamyradowyň “Biziň ýaşuly mugallymymyz”, A.Hydyrowyň “Talyp”, Z.Şulženkonyň “Kitaply ýaş gyz”, D.Babaýewiň “Şahyr”, M.Ýuzbaşowyň “Oýanma” atly heýkel eserleri hem görmek bolýar.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    05.10.2022                    

“Öten geçenleri ýatlap!”

               

                             


                    04.10.2022                    

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara

               

                             


                    03.10.2022                    

“Sarpasy belent ýaşulular”

               

                             


                    01.10.2022                    

“Halkyň Arkadagly zamanasynyň bagtyýar ýaşululary”