“Türkmen Garaşsyzlyk toýun toýlaýar”

Häzirki günde Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyzlygyň XXXI ýyllyk şanly baýramçylyk toýuny toýlaýar. Watanymyzyň ähli künjeklerinde obadyr şäherlerimizde ak mermerli ymaratlaryň gurulmagy, geljegimiz bolan ýaşlar üçin döredilen şertler hem Garaşsyzlygymyzyň gazanan üstünligidir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet maksatnamalary Döwletimiziň bilim-ylym, ýaşaýyş-durmuş, saglyk ulgamlarynyň ösdürilmegi, halkymyzyň medeni ösüşini has ýokary derejelere ýetirdi.

Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ýurdumyzda güýçli depginli özgertmeler halkyň bagtyýar durmuşy, ýaş neslimiziň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Halypa suratkeşleriň hem-de ýaş suratkeşleriň nesli täze öwüşginli eserleri bilen türkmen şekillendiriş sungatyny täze tapgyryna gadam basdy.

Bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Garaşsyzlygynyň şanly XXXI ýyllyk baýramy mynasybetli “Türkmen Garaşsyzlyk toýun toýlaýar” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Ekspozisiýada Halypa suratkeşleriň, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň, ussat heýkeltaraşlaryň we zergärleriň, talyp ýaşlaryň eserleri bilen baýlaşdyrylan. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatlarynyň biri hem halypa-şägirtlik ýolydyr. Bu ýoly dowam etmek biziň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyza baglydyr. Sergimiz häzirki zaman durmuşymyz barada, toýdyr dabaralara beslenen diýarymyzyň däp-dessurlary, baýramçylyk toýlaryny wasp edýän eserlerden başlanyp, gadymy türkmen halkymyzyň durmuşy, däpleri we toýlary görkezilen eserler bilen dowam edýär. Her bir nakgaş, heýkel, keramiki we amaly haşam önümlerde Garaşsyz diýarymyzyň waspy özboluşly usulda we reňk sazlaşygynda ajaýyplyk bilen görkezilen.

  Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň waspyny ýetirýän her bir eseriň düýp mazmunynda nurana Watanymyzyň gözel künjeklerini, türkmen halkymyzyň däp-dessurlaryny, dünýä ýüzünde tanalýan bedew atlarymyzyň, şaý-sepleriniň we türkmen halysynyň waspy we bagtyýar durmuşy beýan edilýär. Dutaryň tary deý saýraýan reňk öwüşginleri tomaşaçylary özüne çekýär.

Halkymyzyň asuda, parahat, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin. Türkmen halkynyň Garaşsyzlyk baýramy gutly mübärek bolsun!

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    05.10.2022                    

“Öten geçenleri ýatlap!”

               

                             


                    04.10.2022                    

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara

               

                             


                    03.10.2022                    

“Sarpasy belent ýaşulular”

               

                             


                    01.10.2022                    

“Halkyň Arkadagly zamanasynyň bagtyýar ýaşululary”