Halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş Türkmenistanlylar iri halkara ýaryşlarda Watanymyzyň abraýyny gorap, milli sportuň iň gowy däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Türgenlerimiz dünýä derejeli ýaryşlaryň köpüsine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda türkmen türgenleri köp sanly iri halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we olaryň ählisinden diýen ýaly medallar bilen dolanyp gelýärler. Inä ýaňy ýakynda geçirilen türkmen türgenleri Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherinde geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karatedo boýunça geçirilen halkara ýaryşda, Çehiýanyň Pardubise şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde sambo we söweş boýunça geçirilen “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşinde ýeňiji bolup gelen ýaş türgenlerimize bagyşlanyp sergi gurnaldy. Sergide şekillendiriş sungaty eserleri, fotosuratlar Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen iri ýaryşlara bagyşlandy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    05.10.2022                    

“Öten geçenleri ýatlap!”

               

                             


                    04.10.2022                    

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara

               

                             


                    03.10.2022                    

“Sarpasy belent ýaşulular”

               

                             


                    01.10.2022                    

“Halkyň Arkadagly zamanasynyň bagtyýar ýaşululary”