“Halkyň Arkadagly zamanasynyň bagtyýar ýaşululary”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly adamlara hormat-sarpa  goýmak hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary hilini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugry bolup durýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän gymmatlyklary we köpasyrlyk däpleri şol syýasatynyň özenini düzýär. Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne Ýaşulularyň halkara güni aýratyn ruhubelentlik bilen döwlet derejesinde uludan bellenip geçilýär. Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň syýasy geňeşinde “Halkyň Arkadagly zamanasynyň bagtyýar ýaşululary” atly göçme sergi gurnaldy. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň  halypa suratkeşleriň döreden nakgaş, grafika, heýkel we amaly- haşam sungaty eserlerinde baý durmuş tejribeli ýaşulularymyzyň waspy ýetirilen eserleri sergilendi. Ýaşulular güni mynasybetli geçirilen sergä gatnaşyjylar döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Arkadagymyza  Arkadagly Serdarymyza  çäksiz sag bolsunlar aýtdylar.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    02.12.2022                    

Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň Hojamuhammet Meredowyň döredijilik sergisi

               

                             


                    30.11.2022                    

Muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň goşandy

               

                             


                    28.11.2022                    

“Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty