“Sarpasy belent ýaşulular”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda toýlar toýa ulaşýar. Ähli toý-baýramlaryň bezegi biziň ýaşuly neslimizdir. Ýaşuly adamlara hormat goýmak biziň ata-baba gelýän milli däbimizdir. Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde “Sarpasy belent ýaşulular” atly sergi gurnaldy. Sergini muzeýiň direktory I.Orazow açyp,  dabara gatnaşanlary baýramçylyk bilen gutlady. Sergiň açylyş dabarasyna gatnaşan Enejan   Orazmyradowa  -  Türkmenistanyň  halk  artisti, Amangül  Ataýewa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy  ( ýaşuly  ene), Ogulgül  Annageldiýewa – zähmet  weterany,  Aşgabat  şäheriniň  ýaşayjysy (ýaşuly  ene), Akjemal  Saparowa - Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň esasy kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy, Amanýaz Kulyýewa – Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy çykyş etdiler. Sergide halypa suratkeşleriň döreden nakgaş, grafika, heýkel we amaly- haşam sungaty eserlerinde baý durmuş tejribeli ýaşulularymyzyň waspy ýetirilýär. Olardan A.Muhammedow “Hakykata akyl ýetirmek”, A.Kuliýew “Durmuşyň ýyllary”, A.Hojanyýazow “Biziň enelerimiz we atalarymyz”, N.Halmämmedow “Bakylyk barada söhbet”, A.Alowow, Ş.Alowow “Taryha ser salma” atly   eserlerinde ýaşuly nesliň döredijilikli zähmet çekmek hakyndaky ündewleri, hoşniýetlilik, watansöýüjilik we ynsanperwerlik öwütlerini ýaş nesle ýetirip duran pursady reňk sazlaşygynda  beýan edilýär. Sergä gatnaşan myhmanlar Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegine arzuw etdiler.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    02.12.2022                    

Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň Hojamuhammet Meredowyň döredijilik sergisi

               

                             


                    30.11.2022                    

Muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň goşandy

               

                             


                    28.11.2022                    

“Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty