Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  türkmen halky Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň netijesinde uly üstünlikleri, bähbitli özgertmeleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda  “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip  atlandyrylan  ýylynda ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, taryhyny hem-de medeni-mirasyny dünýä ýaýmakda köp işler alnyp barylýar. Şonuň esasynda Türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran filosof akyldar Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygyna bagyşlap ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň gämi obasynyň Medeniýet öýünde 2022-nji ýylyň 5-nji oktýabyrynda göçme sergi gurnaldy. Sergide ussat suratkeşleriň Garaşsyz watanymyzy wasp edýän nakgaş eserleri bilen birlikde keramika sungat eserlerini hem görmek bolýar.Bu sungat eserleri ýerine ýetiren ussatlardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewyň, we ussat suratkeşler Kakageldi Seýitmuhammedowyň, Ýewgeniý Girişeniň we başgada ýaş suratkeşleriň döreden eserlerini synlamak bolýar. Şular ýaly medeniýetde we sungatda uly mümkünçüliklerin döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    02.12.2022                    

Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň Hojamuhammet Meredowyň döredijilik sergisi

               

                             


                    30.11.2022                    

Muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň goşandy

               

                             


                    28.11.2022                    

“Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty